img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Awg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi.  Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň...

DOWAMY
pic
13 Awg

Birinji Hazar ykdysady forumynyň işewür meýdançasynyň netijeliligi sanlarda

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat ulgamyny we obasenagat toplumyny ösdürmek, hususy işewürligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Ý...

DOWAMY
pic
12 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY

2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...

DOWAMY
pic
12 Awg

EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...

DOWAMY
pic
12 Awg

«AWAZADA» TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...

DOWAMY
pic
12 Awg

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12 awgustda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Türkmenistanyň Prezident...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...

DOWAMY