img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ LIDERLERI STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞ MESELELERI BARADA PIKIR ALYŞDYLAR

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet   Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we...

DOWAMY
pic
11 Okt

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY-DÖWLETLERIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublik...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-GYRGYZ IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz özarahereketleriniň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, Ý...

DOWAMY
pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: ÖZARAHEREKETLERIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli garşylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň halkara syýasy giňişligindäki, şeýle hem ykdysadyýet we durmuş taýdan ösüş ulgamlaryndaky gazananlaryny aýratyn belläp geçdi...

DOWAMY
pic
11 Okt

AŞGABATDA GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILER

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.  Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Ra...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ BAŞ DIREKTORY TATÝANA WALOWAÝANYŇ DUŞUŞYGY

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan onuň möhüm diplomatiki wezipa bellenilmegi mynasybetli hoşallyk we gutlag sözlerini aýtdy. Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji s...

DOWAMY