RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Maý

AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA SEMINARY BAŞLADY

2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-nyň «Sanly tehnologiýalar eýýamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunçylygyň özgerdilmegi» temasy boýunça seminary öz işine başlady.   Türkmen tarapynyň ýardam bermeginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan seminarda ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, şeýle hem degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň...

DOWAMY
22 Maý

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi boldy. Oňa iki döwletiň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Igor Lýaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.  Senagat we kommunikasiýa ministrliginde geçen duşuşygyň gün tertibine hormatly Prezidenti...

DOWAMY
22 Maý

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi işiniň jemlerini jemledi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady.  Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň minist...

DOWAMY
22 Maý

2020-NJI ÝYLDA AŞGABATDA GEÇIRILJEK SAMBO BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA TAÝÝARLYK DOWAM EDÝÄR

2019-njy ýylyň 19-22-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri hem-de Daşary işler ministriniň orunbasary we Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Sekretary Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti W.Şestakowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde saparda boldular. Türkmen wekiliýeti FIAS-nyň Moskwadaky edarasynda 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Sambo f...

DOWAMY
22 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde biziň ýurdumyzda öz missiýasyny tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Şahin Nilofer bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutanyna BMG-niň bu ähmiýetli edarasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowa...

DOWAMY
22 Maý

TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ UGRUNDA

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň Başlygy, “ITOCHU Corporation” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň...

DOWAMY
22 Maý

AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-BELORUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýalar ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belorus Hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.B.Çakyýew ýolbaşçylyk etdi. Belarusyň wekiliýetine Türkmenistana iş sapary bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, toparyň belarus böleginiň başlygy I.W. Lýaşenko ýolbaşçylyk etdi. Toparyň işine iki ýur...

DOWAMY