RSS

SOŇKY HABARLAR

31 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...

DOWAMY
30 Maý

TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMUNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOLUNY GURADY

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy 2019-njy ýylyň 30-njy maýynda şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumuna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Bu çärä Gruziýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar y...

DOWAMY
30 Maý

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI AŞGABADA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň ýokary derejeli wekiliýeti Aşgabada geldi. Özbegistan Respublikasynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

DOWAMY
30 Maý

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET AŞGABADA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Aşgabada geldi. Rus wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

DOWAMY
30 Maý

TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARY AŞGABADA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary D.Saidyň ýolbaşçylygyndaky Täjigistan Respublikasynyň wekilçilikli wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýa...

DOWAMY
30 Maý

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.I.Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň wekiliýeti şu ýylyň 31-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Ismail oglu Mamedow bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň bar...

DOWAMY
30 Maý

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA GELDI

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.U.Maminyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda tar...

DOWAMY