RSS

SOŇKY HABARLAR

14 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATYŇ DOWAMY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty öz işini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde plenar mejlislerinde dowam etdi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik korpusyň we ýerli hem-de daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynd...

DOWAMY
14 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TÜRKMENISTAN WE HALKARA GURAMALARY: PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY HALKARA MASLAHATYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly 2020-nji ýylda «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmegine bagyşlanan halkara maslahaty öz işine başlady. Halkara maslahatynyň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu maslahata gatnaşmak üçin abraýly halkara guramalaryň w...

DOWAMY
13 Ýan

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) Sebitleýin direktory jenap Wiorel Gusu bilen duşuşygy boldy. Taraplar FAO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutu...

DOWAMY
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplaryň ikisi hem ÝUNKTAD-yň 2020-nji ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler. Myhman öz gezeginde Türkmenistanyň Söwda we ösüş ulgamyndaky wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmelerini aýratyn belledi. Şe...

DOWAMY
13 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen duşuşdy. Uşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli hem-de...

DOWAMY
9 Ýan

EÝRANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşuryp, Ilçi Golam Abbas Arbab Hales ýokary diplomatik wezipesine bellenilmegi bilen türkmen tarapynyň gutlagyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has hem berkidilmegine ynam bildird...

DOWAMY
9 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE YSRAÝYLYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 2020-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ysraýylyň Ilçisine bu wezipede zähmet çeken döwründe alyp baran önjeýli işi hem-de türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini...

DOWAMY