RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Apr

DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝADA ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2020-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça tagallalary aýratyn bellenilip geçildi. Taraplar sebit...

DOWAMY
8 Apr

WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY TÜRKMENISTANYŇ WE BÜTINDÜNÝÄ BANKYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleri bilen Bütindünýä bankynyň merkezi edarasynyň wekilleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Wideo maslahatyň dowamynda ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar kiçi we orta telekeçiligiň oba hojalyk t...

DOWAMY
8 Apr

«ТÜRKMENNEBIT» DK-NIŇ WE «ТATNEFT» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün, 8-nji aprelinde «Türkmennebit» Döwlet konserniniň edara binasynda «Таtneft» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen wideomaslahat geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça Geňeşçisi Ý.Kakaýew ýolbaşçylyk etdi we «Таtneft» JPJ-ne Jemgyýetiň baş direktory N.Maganow wekilçilik etdi. Şeýle-de gepleşiklere Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda «Türkmennebit» DK-niň we «Таtneft» JPJ-niň wekilleri hem gatnaşdylar. Onlaýn...

DOWAMY
7 Apr

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Biz ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýäris. Sizi sagdynlygy we ruhubelentligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralaryň ruhubelentligiň, ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurduna öwrülen Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimi...

DOWAMY
7 Apr

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy

1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu senäniň saýlanyp alynmagy tötänleýin däldir, hut 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi, häzirki wagtda dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy bolup durýar. Düýn “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky goýberilişinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli gutlady...

DOWAMY
7 Apr

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar. Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wa...

DOWAMY
6 Apr

“TÜRKMENHOWAÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ WE KAZANYŇ DIKUÇAR ZAWODYNYŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDAKY WIDEOARAGATNAŞYK ULGAMY ARKALY GEPLEŞIKLER

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan dikuçar zawodynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.   Türkmen tarapyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow, tatar tarapyna bolsa Kazanyň dikuçar zawodynyň dolandyryjy direktory Ýu.Pustowgarow ýolbaşçylyk etdi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyk...

DOWAMY