img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Apr

Türkmenistanda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi.  Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi dostlukly ýurduň senagat hem-de eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.  Irden Söwda-senagat edarasynyň öň...

DOWAMY
pic
28 Apr

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň HHR-nyň Ilçisi ilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň mart-aprel aýlarynda döwlet we hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklaryň amaly taýdan ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edi...

DOWAMY
pic
28 Apr

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan döwletiň daşary syýasy işine syn berildi

2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara durmuşynda bolup geçen möhüm wakalara bagyşlanan brifing geçirdi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Aşgabatdaky halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýykl...

DOWAMY
pic
28 Apr

Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Hytaý» Formatynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-28-nji aprelinde Sian şäherinde (HHR) «Merkezi Aziýa — Hytaý» Formatyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Formatyň Sekretariatynyň Baş sekretary Sun Weýdunyň gutlag sözi bilen açylan maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça jikme-jik pikir alyşdylar. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol ç...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMGÖM bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2026-2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şe...

DOWAMY
pic
23 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplu...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde, günüň ikinji ýarymynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.  “Akorda” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Prezide...

DOWAMY