RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi.  Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrliklerin...

DOWAMY
25 Iýun

«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...

DOWAMY
25 Iýun

HÄZIRKI WAGTDA DAŞARY ÝURTDA BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär. Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...

DOWAMY
24 Iýun

SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Sö...

DOWAMY
23 Iýun

METBUGAT ÜÇIN HABAR

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry  maglumatlar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...

DOWAMY
23 Iýun

DIM-DE ÝTÖB BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde, bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ula...

DOWAMY
23 Iýun

AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslam...

DOWAMY