SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň esasy ugurlaryny, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuh...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň LLDC ýurtlary boýunça Ýokary wekili bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rarab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimu...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk pikir alyşmalarynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi
Şeýle hem 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi. Çykyşda häzirki döwürde dialogyň, diplomati...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy. Türkmenistanyň adyndan çykyş eden daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türk...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlandy. Çäräniň we saparyň çäklerinde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda halkara par...
Ukrainanyň DIM-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn gör...
Türkmenistanyň Ilçisi ABŞ-nyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. A...