img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Iýul

Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler döwletleriň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşykly dialogyň we özara syýasy erkiň netijesinde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde ösüşiniň yzygiderli dowam edýändigini bellediler. Diplomatlar ýokary...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Ýermek Koşerbaýewi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žo...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Niderlandlarda geçiriljek Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işleri barada brifing geçirildi

Şu gün, 1-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärä — Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...

DOWAMY
pic
1 Iýul

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli söz...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ählumumy döwürleýin syn boýunça sebitleýin geňeşçisi Pawlo Býalikiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek, şeýle hem Ählumumy döwürleýin syn mehanizminiň çäginde hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Awstriýa- Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy N.Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň iki ýurduň arasynda medeni dialogy, özara düşünişmegi we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem, Wena balyny geçirmek ýaly bilelikdäki medeni başlangyçlaryň Türkmenistan bilen Awstriýanyň halklarynyň arasynd...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Arkadag şäheri - döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny görkezýän şäher

2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri - röwşen geljegiň aýdyň ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bina edilen “akylly” şäheriň dabaraly açylmagynyň üç ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we işgä...

DOWAMY