img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Iýun

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen gepleşikler

2026-njy ýylyň 26-njy iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzma...

DOWAMY
pic
25 Iýun

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän halkara maslahata gatnaşýarlar

2026-njy ýylyň 22–28-nji iýun aralygynda Pekin şäherinde «Kanun çykaryjy edaralaryň ornuny ýokarlandyrmak we Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly halkara seminar geçirilýär. Bu seminar Hytaý Halk Respublikasynyň Bütinhytaý Halk Wekilleriniň Ýygnagynyň Hemişelik Komiteti tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri üçin guralýar. Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, şeýle hem sebit ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň deputatlary gatnaşýar...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Fizuli Halkara howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidi...

DOWAMY
pic
24 Iýun

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy

2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Hubeý welaýat Komitetiniň Sekretary Guan Çžio sebitе “Hubeý – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme” diýen simwoliki at bilen amala aşyrylan giň gerimli tanyşlyk saparynyň çäklerinde gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ŞHG ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň bilärmenleriniň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirdi. Hubeý welaýat komitetiniň sekretary bilen geçirilen...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy. “Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasyny...

DOWAMY
pic
23 Iýun

Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyn...

DOWAMY
pic
22 Iýun

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Dialogyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça Dialogyň bilelikdäki ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullu...

DOWAMY