RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Okt

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy. Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk ön...

DOWAMY
pic
11 Okt

ENERGETIKA ULGAMYNDA TÜRKMEN-RUMYN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda geçirilen nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Buharestde bolýar. Mejlisiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi tassyklanyldy. Türkmen tarapynyň nygtamagyna görä, Türkmenistany...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KANADANYŇ TÄZE ILÇISI KABUL EDILDI

2023-nji ýylyň 10-njy oktaýbrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Kanadanyň ýokary derejeli ýolbaşç...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANDA BANGLADEŞ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI AKKREDITIRLENDI

On October 10, 2023, the Chairman of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova accepted credentials from the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the People's Republic of Bangladesh to Turkmenistan M.Amanul Haq. On behalf of the head of state, the head of the Parliament congratulated the Ambassador on his appointment. The Ambassador of Bangladesh conveyed cordial greetings from the leadership of his country to President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov, addressing wishes of we...

DOWAMY
pic
10 Okt

KANADANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halka...

DOWAMY
pic
10 Okt

WENA BALYNA GUTLAG

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi. Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrüle...

DOWAMY
pic
10 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DEMIRGAZYK MAKEDONIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňyn syýasaty alyp barýan, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga...

DOWAMY