SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň agza döwletleriniň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türki dünýäsiniň 2025-nji ýyldaky medeni paýtagty bolan Aktauda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 42-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlis konstruktiw iş ýagdaýynda geçirilip, türki jemgyýetçiliginiň ýurtlarynyň medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini netijeli ara alyp maslahatlaşmaga...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Almaty şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (UNRCCA) ýardam bermeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň syýasy meseleler we parahatçylygy g...
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 29-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Mejlis Gazagystan Respublikasynyň başlyklyk etmeginde geçirilip, YHG-a agza döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Çärede YHG-a agza döw...
Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 24-27-nji noýabry aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly halkara sergä we maslahata gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we Türkmenistanyň gurluşyk hem-de infrastruktura ulgamyndaky möhüm hyzmatdaşy hökmünde ykrar edilýändigini görkezdi. Dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk, inženerçilik we şäher...
Министры иностранных дел Туркменистана и Шри-Ланки провели телефонный разговор
27 ноября 2025 года состоялся телефонный разговор Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Министром иностранных дел, зарубежного трудоустройства и туризма Шри-Ланки Виджитом Херат. В ходе беседы стороны рассмотрели вопросы развития двусторонних связей по направлениям, представляющим взаимный интерес. Была подчёркнута результативность партнёрства в рамках международных организаций, прежде всего Организации Объединенных Наций. Министры сделали особый акцент на важном собы...
Главы внешнеполитических ведомств Туркменистана и Республики Хорватия обсудили по телефону ряд ключевых вопросов
27 ноября 2025 года состоялся телефонный разговор Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Министром иностранных и европейских дел Республики Хорватия Горданом Грлич-Радман. В ходе беседы стороны рассмотрели ряд вопросов сотрудничества между Туркменистаном и Республикой Хорватия как в двустороннем формате, так и в рамках многосторонних структур, в частности ЕС и ООН. Была отмечена конструктивность визита Министра Гордана Грлич-Радмана в Ашхабад в октябре текущего года, в хо...
Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Katar döwletiniň Doha şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyk toparyň başlyklary – Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň hem-de Katar Döwletiniň Söwda senagaty ministrliginiň Daşary Söwda işleri boýunça ministri Ahmed bin Muhammed...