SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi
2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. RF-iň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary wekilçilikl...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy. Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde i...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň salamyny, gowy arzuwlaryny ýetird...
Türkmenistan - Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
2024-nji ýylyň 15-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Şu günler Kazanda “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem...
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Gazagystanda akkreditlenen Merkezi Aziýa ýurtlaryn...
Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly Bilelikdäki maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ÝB-niň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Umumy mejlis...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Halkara zähmet guramasynyň (HZG) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda HZG-nyň Baş direktorynyň kömekçisi, HZG-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit edarasynyň sebit direktory Beata Andresiň şu ýylyň fewralynda amala aşyran saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-nyň köp ýyl...