TÜRKMENISTAN WE GRUZIÝA ÖZARA BÄHBITLI GATNAŞYKLARYŇ MUNDAN BEÝLÄK-DE PUGTALANDYRYLMAGY BILEN BAGLY MESELELER BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRDILER

2022-nji ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat goýdy.

Söhbetdeşler ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyny aýdyp, import-eksport harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparyň ähmiýetli ornuna üns çekildi. Bu toparyň işi hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Şeýle-de Hazar we Gara deňzi sebitleriniň arasynda Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň döwletlerine çykalgasy bolan üstaşyr ulag geçelgesini döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Premýer-ministr Irakli Garibaşwili döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki dostlukly ýurduň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerine deglip geçildi.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, esasy ugurlaryň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar utgaşykly üstaşyr ulag we logistik düzümleri döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Wekiliýetleriň agzalary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde energetika pudagyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. 

Taraplar Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ony anyk tagallalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, däp bolan döwletara gatnaşyklaryň iki dostlukly halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berjek ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.