TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Şu gün, 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.

R.Meredow duşuşykda çykyş edip, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Sammitiniň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sammitiň dowamynda eden çykyşynda “Biziň döwletlerimiziň halklaryny ählumumy parahatçylyga, durnuklylyga we özara düşünişmäge gönükdirilen köpýyllyk taryhy kökler, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar” diýip belläp geçendigi barada aýdyldy.

Ministr, şu garaýyşlardan ugur alyp, Türkmenistanyň hem Guramanyň ähli döwletleri bilen ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň kepili bolan parahatçylygyň we durnuklylygyň ýokary derejesini saklamak üçin ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirjekdigi mälim etdi.

Soňky günlerde Gazagystanda bolup geçen wakalar barada aýdyp, R.Meredow Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazgystanyň durnukly jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşine uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady. Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirildi.

Gazak halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edip, R.Meredow bu maksada ýetmek üçin Türkmenistanyň gerekli tagallalary amala aşyrjakdygy barada aýtdy.

Bu ugurda R.Meredow şu ýylyň mart aýyndan başlap Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyna türkmen tebigy gazyny iberip başlamaga taýýardygy barada mälim etdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň geljekde doganlyk Gazagystany zerur mukdarda elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýýar barada bellenildi.