DIM-DE BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki we gejekki taslamalara seredip geçdiler. Esasy meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň BSG agzlygyna girmegi, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny we onuň öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary, adam hukuklary, ykdysady diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgmegi, energetika, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de täze bellenilen jogapkärli wezipesi bilen bagly mähirli sözler we gutlaglar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle-de, durnukly ösüş ugrunda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi.