HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginde sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Mejlisde bellenilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan resmi sapary köptaraply gatnaşyklara täze itergi berdi. Şol saparyň çäklerinde möhüm hökümetara ylalaşyklaryň we beýleki resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Mejlisiň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ilerletmäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda eksport-import amallaryny artdyrmaga, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle-de iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen çäreleriň zerurdygy barada bellenip geçildi.

Şeýle-de taraplar senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalykda hem-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Türkmen tarapy Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamyndaky hem-de sport we syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň agzalary iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine oňyn gatnaşyklary geljekde hem pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary, geňeşmeleri we gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyna üns çekdiler.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.