TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BSGG-NYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG-nyň) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Sebileýin direktory hanym Dorit Nitsanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýuge bilen duşuşygynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler.

Türkmenistan – BSGG hyzmatdaşlygynyň Ýol kartasynyň taslamasy boýunça pikir alşyldy. Bilelikdäki ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ýygjamlaşdyrmak maksady bilen, ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli gurnalmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň teklip edilmegi we ylalaşylmagy nukdaýnazaryndan, pudagara iş toparynyň möhüm guramaçylyk ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda R.Meredow türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň birnäçesi boýunça teklipler bilen çykyş etdi. Olaryň hatarynda – Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit merkeziniň döredilmegi, şeýle-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygy baradaky çözgüt bardyr.

Sebitleýin direktor H.Klýugeniň Epidemiologiýa boýunça sebit merkeziniň taslamasynyň meýilleşdirilmeginde we ilerledilmeginde “Bitewi saglygy goraýyş” konsepsiýasyny ulanmak, şeýle-de milli saglygy goraýyşyň başlangyç ulgamynyň işini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş ulgamynyň maglumat binýadyny we “sanly lukmançylygy” ösdürmek baradaky teklipleri babatda hem pikir alşyldy.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Komissiýanyň 2021-nji ýylyň martyndaky Hereketlere çagyryşyna goşulmak arkaly BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klýugeniň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň sentýabrynda esaslandyrylan Saglyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça umumyýewropa komissiýasynyň (Monti komissiýasynyň) işini goldaýandyr.

Duşuşygyň ahyrynda Ministr BSGG-nyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu saparynyň Türkmenistanyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.