TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halid bin Faýsal Al-Sahli bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ministr türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli şahsy goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hökümetara gatnaşyklaryň we medeni-ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyndaky oňyn depgini barada bellenildi we medeni dialogyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Halid bin Faýsal Al-Sahli Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin Daşary işler ministrligine ýene-de bir gezek özüniň minnetdarlygyny bildirdi.