BÜTINDÜNÝÄ BANKY BILEN SAGLYGY GORAÝYŞ PUDAGYNDAKY TASLAMANY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK BERKIDILÝÄR

2021-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 14-nji ýanwary aralygynda Bütindünýä bankynyň Taslamalaýyn toparynyň ýolbaşçysy Susanna Aýrapetýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. 

Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň ugruna ýokary baha berdiler. Häzirki maksatnamalara we taslamalara seredilip geçildi. 

Gepleşikleriň esasy maksady - COVID-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça global köptapgyrlaýyn maksatnamalaýyn çemeleşme maksatnamasynyň çäklerinde COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak.  

Bütindünýä bankynyň wekiliýeti Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Taraplar global pandemiýanyň dünýä döwletleriniň saglygy goraýyş ulgamyna we ykdysadyýetine ýetirýän täsiriniň öňüni almak babatda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyplygy barada bellediler. 

  Duşuşygyň ahyrynda COVID-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça global köptapgyrlaýyn maksatnamalaýyn çemeleşme maksatnamasynyň çäklerinde COVID-19-a garşy hereket etmek taslamasy boýunça Türkmenistan bilen Halkara Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky bu gepleşikleriň ylalaşylan Teswirnamasyna gol çekildi.