TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Taraplaryň umumy pikirine görä, ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar özara ynanyşmagyň hem-de hormatyň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Bularyň hemmesi döwletara gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge kuwwatly itergi berýär.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, özbek kärdeşini GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de 2020-nji ýylda Özbegistanyň bu düzümde üstünlikli başlyklyk edendigini nygtady.

Geçip barýan ýyl mälim bolan umumy kynçylyklar zerarly agyr ýyl boldy, emma Özbegistan biziň pikirimize görä, bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelmegi başardy. Netijede, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen, meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň agramly bölegi geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň aýratyn nygtaýşy ýaly, Türkmenistan doganlyk Özbegistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berýär hem-de duldegşir goňşusy we ygtybarly hyzmatdaşly bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi aýratyn bellenildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, jemlenip barýan ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçendigini, onuň Garaşsyzlygyň sütünlerini hem-de dünýäniň syýasy giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga hyzmat edendigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň BMG-niň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi türkmen Lideriniň abraýynyň belentdigini ýene bir gezek tassyklady.

Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren nobatdaky möhüm teklibiniň hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen netijeli parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň örän zerurdygyna şaýatlyk edýär diýip, Özbegistanyň Baştutany belledi.

Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna aýratyn üns bermek bilen, umumy tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryna ösüşiň kuwwatly depgininiň mahsus bolandygyny, munuň bolsa olary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berendigini nygtadylar.

Taraplar söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni ulgamlarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine özara gyzyklanmany tassyklap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem doganlyk halklarymyzyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däplerine esaslanandyr.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2021-nji ýyl bilen gutlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk hem-de ähli asylly başlangyçlarda uly üstünlikleri arzuw etdiler.