TÜRKMENISTANDA ÇAGANYŇ IRKI ÖSÜŞI BOÝUNÇA MILLI STRATEGIÝADAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça  2020 - 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasyndan gelip çykýan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlanyp tematiki duşuşyk geçirildi. Bu resminama 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen kabul edildi.

Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, hususan-da, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirijisi N.Natswlişwili, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili K.Weigant hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyp Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasynyň wekili P.Karwowska gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleriniň ýolbaşçy düzümi gatnaşdylar.

Bu duşuşygyň esasy maksady eneligi we çagalygy goramagyň ýokary derejesiniň, milli derejede çaganyň hukuklarynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriniň giň gerimde durmuşa geçirilmeginiň gazanylmagyndan ybaratdyr.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň bu ugurda durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli köptaraplaýyn mümkinçiliklere eýe bolup durýandygy hem-de ýurtda oňyn we bagtyýar çagalygyň üpjün edilmegine gönükdirilen zerur şertleriň ählisiniň döredilendigi bellenilip geçildi. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar tarapyndan enäniň saglygynyň goragynyň, çagalaryň netijeli iýmitlenmeginiň, howpsuzlygynyň we goraglylygynyň, çagalara berilýän bilim hem-de beýleki hyzmatlaryň netijeliliginiň we ýokary hilliliginiň, ene-atalaryň oňyn ukyp-başarnyklarynyň üpjün edilmeginiň we çagalaryň irki ösüşine gönükdirilen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde ýokary netijeleriň gazanylmagy üçin döwlet hem-de hususy ulgamyň hemmetaraplaýyn özarahereket etmekleriniň zerurlygy aýratyn nygtalyp geçildi.