“Dragon Oil” kompaniýasy V Aziýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy boldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine Ýetiriji komiteti “Dragon Oil” (Türkmenistan) Ltd kompaniýasynyň “Aşgabat—2017” oýunlaryna resmi hyzmatdaşy hökmünde goşulýandygyny mälim etdi. 

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn aladasy netijesinde öňde boljak yklym derejeli ýaryşlara hemmetaraplaýyn taýýarlygyň ýokary derejesi üpjün edildi. Türkmenistan bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatyny işjeň we maksada laýyk durmuşa geçirmek bilen, bu ulgamda uly üstünlikler gazanýar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegi ýurdumyzyň ýeten sepgitleriniň ykrarnamasy boldy. 

Esasy ähmiýetinden başga-da, “Aşgabat—2017” taslamasy ýurdumyzyň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, dostluk we işewür gatnaşyklaryny berkitmäge, sebitde we tutuş dünýäde ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek ýagdaýyny ýola goýmaga, şol sanda medeniýet we syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär etmäge mümkinçilik berýär. 

Hususan-da, kompaniýanyň baş direktory Ali Al Jarwan: “Biz “Aşgabat—2017” oýunlarynyň Ýerine Ýetiriji komiteti bilen hyzmatdaşyk edýändigimize şatdyrys we bu oýunlaryň Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrjakdygyna ynanýarys hem-de şeýle ajaýyp başlangyçlar babatda goldaw berýändigimize buýsanýarys” diýip belledi. 

“Dragon Oil” türkmen hünärmenleri bilen Hazar deňziniň ýalpaklygynda nebit we gaz çykarmak we özüniň maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda ägirt uly tejribe toplady. Şu ýylyň dowamynda bu kompaniýa “Çeleken” şertnamalaýyn çäkdäki deňiz platformasynda ýarym million tonna golaý nebit çykardy. Hyzmatdaşlygyň 17 ýyla golaý wagtynyň dowamynda kompaniýa “Jeýtun” (LAM) we “Jygalybeg” deňiz känlerini özleşdirmek boýunça ägirt uly tejribe toplady. 

Häzirki döwre çenli kompaniýa deňiz känlerini özleşdirmek boýunça ABŞ-nyň 6 milliarda golaý dollary möçberinde serişde goýberdi we maýa goýumyň möçberlerini artdyrmagy dowam edýär. Diňe şu ýylyň özünde önümçilik üçin ABŞ-nyň 150 milliondan gowrak dollary goýberildi. Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýene bir deňiz platformasy guruldy. Onuň kömegi bilen şu ýyl ilkinji guýy burawlandy we nebitiň senagat akymy alyndy. 

Kompaniýanyň hünärmenleri dürli görnüşdäki buraw enjamlaryny ulanmak arkaly deňiz känlerinde iş alyp barýarlar. Olar “Elima” özi göterilýän buraw gurnamasynyň üçüsini, “Сaspiýan Driller” we “Merсuri” we meýdanyň üstünde oturdylýan “Sakson” buraw gurnamasyny ulanýarlar. Bu ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi bilen 2017-nji ýylyň dowamynda deňiz ýalpaklygynda 18 guýyny burawlamak meýilleşdirilýär. Bäş aýyň dowamynda olaryň altysyny burawlamak işi doly tamamlandy. Mundan başga-da, birnäçe hereket edýän guýylary düýpli abatlamak göz öňünde tutulýar. 

Kompaniýa bu känlerde diňe bir täze däl, eýsem, yzygiderli nebit akymy alynýan ozalky hereket edýän guýylary hem ulanýar. Şunuň bilen baglylykda, onuň “Jeýtun” we “Jygalybeg” känlerinden bir gije-gündiziň dowamynda alýan önümi ýokarlanýar. Olardan 2000-nji ýylda gije-gündiziň dowamynda 7 müň barrel nebit alnan bolsa, 2017-nji ýylda ol 85 müň barrele çenli ýokarlandy. 

Nebit alnyşyny ýokarlandyrmak üçin hünärmenler iň häzirkizaman tehnologiýalary we enjamlary işjeň peýdalanýarlar. Daşyndan oturdylýan suw akymly guýynyň içindäki elektrik merkezli çeýe sorujy-gysyjy turbalar ulanylýar. Gaz lift ulanyş tehnologiýasy, şeýle hem çeýe enjamlaryň kömegi bilen serişdeleri gaýtadan işlemek tehnologiýasy giňden ulanylýar. Gatlaklaryň basyşyny ýokarlandyrmak üçin suw ulanmak maksatnamasy herekete girizildi. 

Guýynyň içinde anyklaýyş geçirmekde, guýylary burawlamakda we olary herekete girizmekde döwrebap tehnologiýalar ulanylýar. Munuň özi olaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmaga we nebitiň bellenilen möçberleriniň alynmagyna ýardam edýär. 

Kompaniýa birnäçe iri desgalary özünde jemleýän “Çeleken” şertnamalaýyn çäkdäki kenaryň nebitgaz düzümini kämilleşdirmek işlerini dowam edýär. Nebiti toplumlaýyn esasda taýýarlaýan we ugradýan bölümde täze terminalyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol ýerde jemi 10 uly çelek bolup, olaryň 8-si nebiti saklamaga niýetlenendir, 2-si bolsa ýangyna garşy işde ulanylýar. 

Şeýlelikde, nebiti saklamagyň umumy kuwwaty birnäçe esse artar we 

1 million 800 müň barrele (200 muň tonna) deň bolar. Goşmaça nebit saklaýan we “Alaja” nebit guýujy toplumda turba geçirijileriň gurulmagynyň hasabyna birbada iki tankere ýüklemäge mümkinçilik berdi. Bu bolsa eksport kuwwatlyklarynyň artmagyny şertlendirdi. 

Jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde işewürligi alyp barmak kompaniýanyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Häzirki döwürde onuň desgalarynda 2 müňe golaý adam zähmet çekýär. Olaryň 93 göterimi ýerli işgärlerdir. Kompaniýa işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli serişdeleri gönükdirýär we türkmen hünärmenleriniň öňünde pudak boýunça bilim-tejribe almak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Birnäçe ýyl bäri Hazar şäheriniň mekdep okuwçylaryny Tomskiniň politehniki uniwersitetinde okatmak boýunça ýörite maksatnama hereket edýär. Şu ýyl bu ýokary okuw mekdebine ýene-de talyplaryň bir toparyny ugratmak meýilleşdirilýär. 

Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän baý uglewodorod känlerini özleşdirmäge daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işjeň gatnaşmagy, gazylyp alynýan serişdeleriň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny şertlendirýän energetika syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.