TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynda Daşary işler ministri R.Meredow bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary I.W.Petrişenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli ösüşini işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi barada bellenip geçildi.

Şeýle-de taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus komissiýanyň oňyn orny hakynda nygtaldy. Iki ýurduň energetika, senagat, gurluşyk we syýahatçylyk pudaklarynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändikleri barada hem aýdyldy. Geljekde ýurtlaryň işewür toparlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny berkitmek meselesi barada maslahatlaşyldy, şeýle hem GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durlup geçildi.

Mundan başga-da, taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk berkedi. Medeniýet pudagyndaky we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygy hakynda belläp, taraplar onuň durmuşa geçirilmegi boýunça ediljek indiki ädimlere seredip geçdiler.