Türkmen telekeçileriniň öndürýän gaz-beton kerpiçlerine goňşy ýurtlarda hem isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasy binalaryň we desgalaryň gurluşygy üçin 7 müň kubmetrden gowrak gaz-beton blok kerpiji Özbegistana ugratdy.

Bu gurluşyk materialy Tashkent City binalaryny, Buharada, Samarkantda we dostlukly döwletiň beýleki şäherlerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga niýetlenendir. Gazagystanyň Aktau şäheriniň gurluşykçylary-da gaz-beton bloklaryň uly tapgyryna tabşyryk berdiler. Ýakyn aýlarda ýene-de 9 müň kubmetr ýokary hilli gurluşyk materialy eksporta ugradylar.

Täze önümçilik, ilkinji nobatda, uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek jähtinden ýurduň içerki talaplaryny üpjün etmäge niýetlenendir. «Ukyply kärdeşler» hususy kärhanasynyň önümlerine isleg uly. Gaz-beton kerpiçler Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, şeýle hem paýtagtymyzyň günbatarynda Magtymguly şaýolunyň ugrundaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň gurluşygynda ulanylýar. Dürli binalary gurýan daşary ýurt firmalary-da türkmen telekeçileriniň önüminden peýdalanýarlar.

Gurluşyk materiallaryny çykarýan şu kärhana bu ulgamda dünýäde öňdebaryjy WEHRHAHN nemes kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Önümçilik goşundylarynda ýerli çig mal ulanylýar. Täze tehnologiýlar mineral materiallardan ekologiýa taýdan howpsyz, sesi az geçirýän we pes gyzgyn geçirijilikli ýeňil hem-de berk kerpiçleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň özünde kärhanada gaz-beton kerpiçleri we panelleri, şeýle hem keramik plitalary, kerpiji ýuka gatlakly örmek üçin ýelim, jaýlaryň daşky we içki suwagy üçin iri hem-de ýuka suwaglyk şpatlewkalar-da öndürilýär.