Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy — dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi. 

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleriň giň toplumynyň girizilendigi bellenilýär. 

Täzelikler neşirleri forumyň wekilçilikli derejesini nygtap, onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we «Hazar bäşliginiň» hökümetleriniň baştutanlarynyň — Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gatnaşandygyny habar berýärler. 

Şeýle hem bu çärelere Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdylar. RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow forumyň dabaraly mejlisiniň hormatly myhmany boldy. 

Forumyň işine we onuň çäklerinde geçen çärelere şeýle hem dünýäniň dürli döwletlerinden, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň esasy düzümleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmen tarapyndan forumyň meýdançalarynda hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary çykyş etdiler. 

Birnäçe döwletleriň metbugat we elektron neşirleri, köp sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşyndan «Biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys. Wagtyň geçmegi bilen bu sözleriň manysynyň üýtgemeýändigi şübhesizdir. Olar hemişe-de derwaýys bolmagynda galar» diýen jümlesini çap etdiler. 

Dünýäniň dürli künjeklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri türkmen Lideriniň: «Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin «geljegiň nusgasy» diýip atlandyrýarys» diýen sözlerini beýan edýärler. 

Metbugat habarlarynda Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça goňşy ýurtlar bilen hem, beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen hem köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenilýär. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Biziň ählimiz Hazar sebitini ösdürmek, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek meseleleri boýunça köpugurly hem-de yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine düşünýän pikirdeşlerdiris. Häzirki zaman garaýyşlaryna we ölçeglerine esaslanýan şeýle hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuny onlarça ýyllara niýetlenen bilelikdäki döredijilikli işiň berk binýadyny goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr”. 

Britaniýanyň «BBC», «Londonpost», «Energyvoice», «Thisismoney» we beýleki neşirleriň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. 

Bu mesele forumyň bütin dowamynda baş mesele boldy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa suw giňişliklerini bölýär. Uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlarynyň netijeli peýdalanylmagy kenarýaka ýurtlaryň, şeýle hem serhetdeş döwletleriň milli ykdysadyýetleriň okgunly we hil taýdan ösmegine güýçli energetika kuwwatyny bermelidir, täze önümçilikleriň, senagat desgalarynyň gurluşygy üçin şertleri döretmelidir. 

Uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alnyşy bilen baglanyşykly senagat ösüşi köp babatda Ýer ýüzüniň bu böleginiň tutuş ykdysady landşaftyny düýpgöter özgertmäge, Hazarýaka sebitiniň deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde ählumumy ykdysady giňişlige goşulyşmagyna ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belledi. 

«Daily Sabah» internet serişdesi milli Liderimiziň Hazar deňziniň energiýasynyň sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň binýady bolmalydyr diýip aýdanlaryny sözme-söz getirýär. 

Forumyň işine Hazarýaka ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanma bildirendikleri düşnüklidir. 

Eýranyň «Tehran Times» gazeti, «Mehr News Agency», «Iran Press», «IRNA» habarlar agentlikleri we köp sanly portallary Hazarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini hem-de Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň, onda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň möhümdigini bellediler. 

Azerbaýjanyň «Trend», «Azertaj», «Azer nýus» we beýleki internet-köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem forumyň sebitde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda ähmiýetini bellediler. Foruma halkara guramalaryň, daşary ýurt işewürler düzümleriniň, iri maýa goýum kompaniýalarynyň we gaznalaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan dürli enjamlary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň hem-de getirijileriň 2100-den gowrak wekili gatnaşdy. 

60-a golaý resminama gol çekilmegi Hazar ykdysady forumynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň jemi boldy, şeýle hem dürli ýurtlardan hyzmatdaşlar bilen geljekde gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas goýuldy. 

Gazagystanyň «Kazinform», «Interfaks Kazahstan», «Kazah taýms» we beýleki neşirleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Maminiň Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyna uly üns berdiler. Duşuşykda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 68 million dollara deň bolandygy bellenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,2 esse köpdür. 

Taraplar serhetýaka sebitleriň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar hem-de maşyngurluşyk, himiýa senagaty, metallurgiýa, oba hojalyk, syýahatçylyk, ulag we gaz pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. 

Russiýanyň «TASS», «RIA-Nowosti», «Westi», «gazeta.ru», «MIR-24», «regnum», «Komsomolskaýa prawda» we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Hazar ykdysady forumy baradaky sözbaşylary ýygy-ýygydan ýerleşdirdiler hem-de bu forumyň açýan mümkinçilikleri barada ýazdylar. 

Tatarystan Respublikasynyň we Astrahan oblastynyň metbugat serişdeleri hem Awazada guralan çäreleri giňden beýan etdiler. Bu sebitleriň ýolbaşçylary — Rustam Minnihanow we Igor Babuşkin forumyň işine işjeň gatnaşdylar. Hazar ykdysady forumynyň açylyşynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň belleýşi ýaly, ikinji Hazar ykdysady forumyny Astrahanda geçirmek meýilleşdirilýär. 

Giňden ýaýradylan teswirlemelerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Hazar strategiýasyna laýyklykda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman ýurtlary üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy, Bütindünýä söwda guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmegi niýet edinýär. 

«Hazar deňziniň geljegi barada aýtmak bilen, Türkmenistan oňa tutuş dünýäniň geljegi babatda garaýar we özüniň işini Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işi bilen utgaşdyrýar. Biz geografik babatda hem, durmuş ykdysady babatda hem Hazary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýarys. 

Ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar öýüniň esasy daýanjy bolup durýar» diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda belledi. 

Garaşsyz bilermenler ýurdumyzyň halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýändigine ýokary baha berdiler. Hazar ykdysady forumynyň meýdançalarynda BMG we BMGÖM bilen ylalaşyklara gol çekilendigini habar berdiler. 

Iň ýakyn goňşular bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, halkara metbugaty energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça başlangyçlary aýratyn nygtaýarlar. 

Türkmenistanyň Hazar boýunça bäştaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ugur edinýändigi bellenilýär. Türkmenistanyň başlangyçlary soňky ýyllarda Hazar boýunça esasy meseleleriň çözgüdinde öňe gidişliklerde möhüm ähmiýete eýe boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny geçirmek barada Aktau şäherinde öňe süren başlangyjy hem “bäşligiň” ýurtlarynyň arasynda dünýä hojalyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boldy. 

Birinji Hazar ykdysady forumy uly ýoluň başlangyjydyr. Biz şeýle usulyň Hazarda strategik gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täsirli guralyna öwrülmegine bil baglaýarys, muňa tüýs ýürekden ynanýarys. 

Hazar deňzi dünýädäki täsin ýerdir. Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly görnüşi emele geldi, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy. Elbetde, taryhda dürli, kä halatda çylşyrymly döwürler boldy, şolardan sapak almak, dogry netije çykarmak zerurdyr. Ýöne, bu gün Hazar biziň öňümizde täze sepgitleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Şeýle hem Bolgariýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri — «Focus News Agency», Bolgar milli radiosy, «Bolgar telegraf» agentligi we beýlekiler foruma uly gyzyklanma bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň duşuşygynda däp bolan dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri, şol sanda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Halkara häsiýetli meseleler gepleşikleriň üns merkezinde boldy, olar barada pikir alyşmalaryň barşynda Merkezi Aziýa we Günorta — Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynamyň, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna üýtgewsiz ýardam bermäge özara isleg we taýýarlyk beýan edildi. 

Netijeli hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň orny bellenildi, onuň mejlisi şol günler Awazada geçirildi. 

Hytaýyň «Sinhua» agentligi hem Hazarda hyzmatdaşlygyň uly geljegini belledi. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň iri daşary söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk özara bähbitlilik we uzak möhletleýin esasda guralýar, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň gündogar ugrunda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň beýleki döwletleri bilen hem gatnaşyklary pugtalandyrar. 

Daşary ýurt media serişdeleri Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldip, sebit hyzmatdaşlygy bilen çäklenmeýändigini belleýärler. 

Daşary ýurt okyjylaryna hödürlenilýän makalalarda Türkmenistanyň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy hasaba almak bilen, halkara maliýe-ykdysady düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşan beýleki maliýe edaralarynyň wekilleri bilen hem hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi bellenilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda kenarýaka ýurtlaryň hem-de bu sebitlerde ýaşaýan halklaryň arasynda parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmek Hazar üçin baş wezipedir. 

Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi hem köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berer.