«Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usulyýet neşir watandaşlarymyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemegi babatynda hem-de hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygynda geçirilýän harby özgertmeleriň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri beýan edýär.

Žurnalyň nobatdaky sany Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna bagyşlanan makala bilen açylýar.

Makalada aýratyn bellenilişi ýaly, şunuň ýaly senagat kärhanasy dünýäde ilkinjileriň biridir. Bu bolsa innowasiýalar ýoluna düşen ýurdumyzyň öňdebaryjylaryň hatarynda geljegi uly tehnologiýalary ulanýandygyny nobatdaky gezek görkezýär. Bu geljekde dünýäniň nebitgaz bazarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirer.

Neşirde suratlar bilen bezelen nobatdaky makala ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 13-nji iýunda Milli goşunymyzyň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen yglan eden harby-görkezme tälimlerine bagyşlandy.

Bu reportaž okyjylary harby tälimleriň has möhüm pursatlary bilen tanyşdyrýar, oňa gatnaşyjylaryň teswirlemelerini öz içine alýar, şeýle hem goşunlaryň dürli görnüşleriniň we kysymlarynyň harby gullukçylarynyň dessin we sazlaşykly hereketlerini fotosuratlar arkaly beýan edýän wakalaryň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik döredýär.

Žurnalda dünýä belli ahalteke bedewleriniň taryhyna hem-de «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda olaryň simwoliki ornuna bagyşlanan makalalar hem ýerleşdirildi.

Awtor behişdi bedewleriň muşdagy — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryna salgylanyp, türkmen jemgyýetinde ahalteke bedewlerine sarpa goýmagyň däpleri hakynda pikir ýöredýär.

Neşirde ýerleşdirilen giňişleýin makala harby žurnalistikanyň taryhyna hem-de onuň häzirki döwürdäki ösüşine bagyşlandy. Onda bellenilişi ýaly, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Goranmak ministrligi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abraýynyň we Milli goşunynyň pugtalandyrylmagyna işjeň ýardam edýär. Bu işde «Esger» gazeti, «Milli goşun» žurnaly hem-de adybir web-saýt, «Merdana nesiller» atly telegepleşik ýaly ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri möhüm orun eýeleýär.

Neşiriň nobatdaky sany alabaý tohumyndan bolan itleriň ähmiýeti barada pikir ýöredýän makala bilen dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň serhet goşunlarynyň harby bölümine baryp görmegi makalanyň ýazylmagyna sebäp boldy, şonda döwlet Baştutanymyz harby gullukçylara alabaýyň güjüjeklerini sowgat berdi.

Okyjylara Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hakynda makalalar hem hödürlendi.

Giň dünýägaraýyşly, hünärli serkerdeler bolmak bilen, olar Milli goşunymyzyň hatarlaryny artdyryp, edermen ata-babalarymyzyň harby däplerini mynasyp dowam ederler hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goranyş ukybynyň berkidilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Žurnalyň içki sahypasyny Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de Türkmenistanyň bu halkara guramada eýeleýän orny bilen okyjylary tanyşdyrýan infografika bezeýär.

Neşirde ýerleşdirilen makalalaryň biri ýurdumyzda giňden bellenilýän Ýeňiş baýramyna bagyşlanýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryny beýan edýän «Döwlet guşy» atly romany barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany çagyryş boýunça iki ýyllyk gullugyň çäklerinde harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde döredilen mümkinçilikler barada gürrüň berýän makala bilen dowam edýär.

Nobatdaky makalalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda Milli goşunymyzyň ornuny şöhlelendirýär. Şolarda harby tehnikalara özbaşdak hyzmat edýän, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, akkumulýatorlary, plastmassadan dürli önümleri öndürýän, harby lybaslary taýýarlaýan, maldarçylyk fermalaryny saklaýan hem-de dürli ýokumly önümleri öndürýän Goranmak ministrliginiň kärhanalarynyň üstünlikleri barada gürrüň berilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň berkidilmegine Territorial-goranyş goşunlary hem mynasyp goşant goşýar, olaryň harby gullukçylary ýurdumyzyň möhüm senagat desgalarynyň goragynda durýar.

Žurnalda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda soňky döwürde dabaraly ýagdaýda açylan innowasion kärhanalaryň goragyny Watanymyzyň edermen esgerleri üpjün edýär. Olar asylly maksada gulluk etmek bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.

Neşirde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň üstünlikli işleri hakynda gürrüň berýän makala çap edildi. Bu ýokary okuw mekdebi bejeriş-öňüni alyş işi we sanitariýa-epidemiologiýa işi hünärleri boýunça harby lukmanlary taýýarlaýar.

Žurnala halkara ynsanperwer hukugyna hem-de döwletara gatnaşyklaryň ösüşine bagyşlanan ylmy makala, şu asylly hünäri näme üçin saýlap alandygy baradaky sowala jogap beren harby gullukçylaryň söhbetdeşlikleri, şeýle-de, harby tehnologiýalary dünýäsinden gyzykly täzelikler hem girizildi.

Žurnalyň tapawutly aýratynlygy — ýokary hilli fotosuratlar we infografika bolup, olar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen goşunynyň okgunly ösüşi barada gürrüň berýän baý mazmunly makalalar bilen utgaşdyryldy.

Okyjylaryň giň topary üçin niýetlenen «Milli goşun» žurnaly üç aýda bir gezek türkmen dilinde çykýar.