Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! 
Eziz watandaşlar!

Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

«Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen medeniýetini we sungatyny düýpli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde medeniýet ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, medeniýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda täze iş usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň, muzeýleriniň, teatrlarynyň we beýleki medeni-dynç alyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge döwletimiz tarapyndan köp möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Medeniýet ulgamyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde, milli medeniýetimiz we sungatymyz döwrebap ösüşlere eýe bolýar. Bularyň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny düzýär.

Hormatly adamlar! 
Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy, milli mirasy bar. Baý medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, wagyz etmek, dünýä ýaýmak, dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda dürli medeni çäreler, bu ulgama degişli halkara maslahatlar, sergiler, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralýan çäreleriň her biri örän möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdym-saz, opera, teatr, kino, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ýeten sepgitlerini dünýä ýaýýan özboluşly sungat baýramydyr. Eziz watandaşlar!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Medeniýet hepdeliginiň Balkan welaýatynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli ösüşlere eýe bolýan Balkan topragy türkmen halkynyň buýsançly taryhyny, milli gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny özünde jemleýän gadymy toprakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen birlikde Balkan welaýatynyň şäherlerinde, etraplarynda hem düýpli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berilýär.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nazary düşen Magtymguly etraby gözel we baý tebigaty, şöhratly taryhy bilen meşhur ýerleriň biridir. Magtymguly etrabynyň çägindäki Sumbar, Aýdere jülgeleri, Çendir, Sünt-Hasar daglary, tebigatyň özboluşly gözellikleri, täsinlikleri bu ýere gelýän syýahatçylary haýran galdyrýar.

2015-nji ýylda Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň döwrebap binasy, nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Gurbanaly Magrupynyň, Mämmetweli Keminäniň, Mollanepesiň, Gurbandurdy Zeliliniň, Seýitnazar Seýdiniň, Annagylyç Mätäjiniň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu muzeý hem-de medeni ýadygärlikler toplumy geljekki nesillerimiz üçin türkmeniň baý medeni mirasyny, beýik Magtymgulynyň gaýtalanmajak we halkymyzyň aňyndan öçmejek şygyrlaryny wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli ruhy kämilligiň nusgasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolýan ruhy merkeze öwrüldi.

Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga täze badalga berer.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak medeni çärelerde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, berkarar döwletimiziň gülläp ösüşi, türkmen edebiýatynyň, sungatynyň ýeten sepgitleri ýokary derejede beýan ediler.

Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň dabaraly çärelere besläp geçirýän bu sungat baýramy berkarar ýurdumyzyň täze taryhy senenamasynda orun aljak şanly waka öwrülmelidir.

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Sizi Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda şatlyk-şowhunly guralýan bu sungat baýramyna gatnaşyjylar bolan siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.