Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi we halkara sergi

Şu gün paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ählihalk baýramçylygy türkmenistanlylaryň öçmejek taryhy gymmatlyklaryna, özboluşly däplerine hem-de ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyny aňladyp, haly dokamak sungaty ony döreden halkyň bäş müň ýyllyk taryhynyň jümmüşinden gözbaş alýar.

Watanymyzyň ähli künjeklerinde geçirilen dabaraly duşuşyklar, çeper sergiler, ylmy maslahatlar we konsertler türkmen halylarynyň üýtgeşik gözelligine hem-de çeper elli halyçylarymyza, olaryň haýran galdyrýan zehinine bagyşlandy.

Baýramçylygyň hormatyna tutuş ýurdumyz boýunça çeper elli halyçylaryň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Olar iň gowy işlerini — çeperçilik gymmatlygy hem-de janypkeş zähmeti bilen tapawutlanýan halylaryny görkezýärler. Ussat halyçylar gadymy gölleri başarnykly utgaşdyryp, halynyň ýüzünde häzirki döwrüň täze şekilini emele getirýärler.

El hünäriniň syrlary asyrlaryň dowamynda maşgala gymmatlygy hökmünde nesilden-nesle geçirilmegi netijesinde biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Häzir ýurdumyzda haly dokamak işiniň ajaýyp ussatlarynyň nebereleri bolup, olaryň hatarynda zehinli ýaşlar hem bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça tanymal halyçylary we önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabaralary şu günler pudagyň ähli kärhanalarynda geçirildi. Haly ussatlary esasy baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin ak mermerli paýtagtymyza geldiler.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zallarynda hem-de oňa ýanaşyk bezelen meýdançalarda geçirilýän haly we haly önümleriniň giň gerimli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu täsin muzeýiň ýygyndysy dünýä ähmiýetli çeper gymmatlyklaryň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň uly baýlygynyň gadymy nusgalarynyň we häzirki zaman görnüşleriniň 2 müňe golaýyny öz içine alýar.

Dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza Ýewropanyň hem-de Aziýanyň dürli döwletlerinden, şol sanda Germaniýadan, Fransiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, ylym-bilim merkezleriniň hem-de iri halyçylyk kärhanalaryň, söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gatnaşyjylar bar.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň töwereginde ir ertirden baýramçylyk ýagdaýy äşgär duýuldy. Tans toparlarynyň, aýdymçylaryň, bagşylaryň çykyşlary baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, medeniýet hem-de sungat işgärleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalaryň, kärhanalaryň wekilleri we elbetde, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ussat halyçy zenanlar gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda milli sungatymyzyň ähmiýetini belläp, şeýle diýdi: «Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Döwlet baýdagymyzy bezeýän bäş sany haly göli merdana halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, asuda we parahat durmuşynyň alamaty bolup, al asmanda parlaýar».

Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, geçirilýän şu halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Döwlet Baştutanymyz bu halkara serginiň öz önümlerini görkezýän, hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň hem-de guramalaryň wekillerine, telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça tejribe we pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmen halylarynyň gadymy gölleriniň gelip çykyşynyň taryhy aýratynlyklary bar. Çeper elli zenanlar haly göllerinde hemişe daşymyzy gurşap alan hakykaty şöhlelendiripdirler, şolarda bolsa gadymy taryh we häzirki döwür utgaşýar. Bu göller milli öwüşgine eýe bolup, gadymy döwürlerden bäri gymmatlygyny saklap gelýär. Halk pähiminde bellenilişi ýaly, suw — türkmeniň durmuşy, at — türkmeniň ganaty, haly — türkmeniň kalby.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz alamaty bolan haly gölleri halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, oňa mahsus bolan pelsepewi paýhasy beýan edýär. Ajaýyp göller halylary bezemek bilen çäklenmän, eýsem, paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde nagyş bezegleriniň möhüm bölegi bolup durýar.

Bu gün halyçylygyň täsin senedini giňden ýaýmak, gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk gadymy halylary aýawly saklamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, täze fabrikler gurulýar we hereket edýän önümçilikleriň durky täzelenýär. Şolarda çeper elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilik pikirlerini amala aşyrmak üçin amatly şertler döredilýär.

Haly dokalýan döwrebap kärhanalar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Şolarda ölçegleri hem-de dokalyşy boýunça kämil halylar öndürilip, olar hökümet toplumlarynyň, medeni merkezleriň we muzeýleriň ajaýyp zallaryny bezeýär.

Milli Liderimiz düzümleýin özgertmelerden başga-da, bu milli sungatymyzyň gadymy däplerini wagyz etmek işine örän uly goşant goşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň el halylarynyň baky gözelligi baradaky «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly düýpli kitaplary netijesinde, bütin dünýä özi üçin türkmen el haly sungatyny täzeden açdy. Bu kitaplar mähriban halkymyzyň köp müňýyllyk medeniýetine milli Liderimiziň ägirt uly söýgüsini we hormatyny özünde jemleýär.

Milli muzeýiň ýanynda şu gün ýaýbaňlandyrylan owadan sergi myhmanlara türkmen obasynyň keşbine gezelenç etmäge hem-de milli ak öýleri synlamaga mümkinçilik döretdi. Şolarda biziň zähmetsöýer zenanlarymyz ýüplük egirýärler we reňkleýärler, olary dokalýan enjamlar boýunça bölýärler hem-de synlaýan adamlaryň gözüniň alnynda beýan edip bolmajak gözelligiň däp bolan göllerini döredýärler. Şeýle hem bu ýerde uly bolmadyk sowgatlyk halylardan başlap, dürli ölçegli dokalyp gutarylan halylar görkezildi.

«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda ellerinden dür dökülýän halyçy gelin-gyzlarymyz tarapyndan dokalan ajaýyplyklar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýan edilen maňzyňa batyjy parasatly pikir ýöretmeleriniň aýdyň subutnamasy boldy. Onda şeýle diýilýär:

«Biziň halylarymyzy içgin synlanyňda, türkmen baharynyň joş urýan köpdürli öwüşginleri, çäge depeleriniň günortanyň jöwzasyndaky lowurdysy, al-elwan güllere beslenen türkmen ýaýlalary, çarwanyň ak öýünde lowlap ýanýan oduň ruhlandyryjy alawy, düýpsüz gök asmandaky ýyldyzlaryň ýalpyldysy, sarç bedewleriň toýnak sesiniň dükürdisi, şemalyň we kenara urulýan tolkunlaryň birsydyrgyn owazy, enäniň hüwdüsi hem-de näzikligi hakynda gürrüň berýän ýaly, geň galdyryjy täsin duýgular kalbyňy galkyndyrýar».

Sergidäki gymmatlyklar sungatyň ajaýyp eserleri bolup, şolaryň hataryndaky haly önümleri bilen birlikde, milli matalar, aýal-gyzlaryň keşdeläp bezän däp bolan egin-eşikleriniň nusgalary, bezeg şaý-sepleri türkmenleriň baý ruhy-medeni mirasynyň täsin keşbini döredip, sergä gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Myhmanlar ajaýyp nusgawy hem-de gölli halylary, tebigat şekillendirilen we beýleki täsin eserleri haýran galyp, foto hem-de wideo şekillere düşürdiler.

Oba keşbiniň her bir künjegi köp zähmeti talap edýän, ýöne halyçy gelin-gyzlaryň yhlasly döredijilikli zähmetiniň şatlygy bilen ganatlandyrýan milli öwüşginleri, dokalýan halynyň üstünde alnyp barylýan işleriň ähli tapgyrlarynyň yzygiderliligini görkezdi. Bu ýerde ýüplügi taýýarlamagyň we reňklemegiň, reňkli keçeleri, milli lybaslary taýýarlamagyň, keşde çekmegiň hem-de el işleriniň beýleki görnüşleriniň taýýarlanyş ýagdaýlary görkezildi. Bu ýere gelýänler türkmen gelin-gyzlarynyň köp asyrlyk däplerini saklap gelýän zenanlaryň hem-de gyzlaryň halk aýdym-sazlaryna hiňlenip, sungatyň täze nusgalaryny nädip döredýändiklerini gyzyklanyp synladylar.

Soňra serginiň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zallaryna bardylar. Şol ýerde pudagyň işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ussat gelin-gyzlarymyzyň on altysyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Sylaglananlaryň hoşallyk bilen belleýşi ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamak we baýlaşdyrmak baradaky yzygiderli alada döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Olar çykyşlarynda özleriniň sazlaşykly döretmegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge, ýaş zehinli halyçy gyzlary terbiýelemäge aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler. Tejribeli halypa zenanlar tarapyndan ýaş gyzlara haly dokamagyň gadymy sungatynyň syrlary ussatlyk bilen öwredilýär.

Mundan başga-da, şol gün tutuş ýurdumyz boýunça döredijilik, medeni çäreler we sport ýaryşlary guraldy. Olar ussat zenanlarymyzyň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine, milli gymmatlygymyza bagyşlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli halylarymyza bagyşlan kitaplarynda gadymy el sungatynyň şöhratynyň geň galdyrýan türkmen halylarynyň wagtyň geçmegi bilen reňkiniň solmaýşy ýaly, indi ençeme ýüzýyllyklardan bäri hiç öçmän, dünýäniň dürli künjeklerinden halynyň sarpasyny belent tutýan köp sanly adamlary haýran galdyrmagy dowam edýändigini ýazýar. Bular barada şu gün Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda geçirilen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisinde gürrüň edildi. Bu halkara gurama ylym we işewürler dünýäsiniň wekillerini, sungat eserlerini hem-de gymmat baha gadymy önümleri toplaýjylary, dünýäniň köp ýurtlarynyň höwesjeňlerini özünde birleşdirýär. Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen halysy eýýamlaryň içinden geçip, öz göllerinde taryhyň döwürlerini, halkyň özboluşly milliligini hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýär. Ýokary tehnologiýalar hem-de innowasiýalar döwri bolan häzirki döwürde bolsa ol barha täze öwüşginleri özüne siňdirip, durmuşyň wakalary bilen baýlaşýar, çeperçilik taýdan beýan etmegiň beýik nusgasy, gözellige baky ymtylyşyň nyşany bolmagynda galýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, Aşgabatda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergiler we ylmy maslahatlar döredijilik hem-de işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik döredip, halyçylygyň inçe syrlaryna akyl ýetirmäge, halynyň mazmunynda beýan edilen durmuş pelsepesiniň çuňlugyna hem-de halkymyzyň baý medeni-taryhy tejribesine düşünmäge ýardam berýär.

Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hem-de ýurdumyzyň bilermenleriniň çykyşlary diňlenip, olarda sebitiň we dünýäniň dürli ýurtlarynda elde haly dokamagyň ösüşiniň taryhyny, halklaryň amaly-haşam senetçiliginiň häzirki zaman däpleriniň özara täsirini hem-de sungaty wagyz etmegi öwrenmegiň möhüm meselelerine deglip geçildi. Halyçylyk pudagyny ösdürmekdäki ykdysady ugurlara, reňkleri we ýüplükleri öndürmekde kämilleşdirilen ylmy-tehniki taýýarlamalary ornaşdyrmagyň wezipelerine aýratyn üns berildi.

Baýramçylygyň şanyna ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda edebi-sazly hem-de folklor-etnografiýa, tans çykyşlary, söýgi baradaky halk hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary ýerine ýetirildi.

Forumyň çäklerinde «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlaryň we şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisine hem-de sergä gatnaşyjylar türkmen sungatynyň şöhratly däplerini baýlaşdyrmak ugrunda berýän işjeň goldawy we şahsy goşandy, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge döredilen oňaýly şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.