img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
HYTAÝ HALK RESPUBLIKASY - PEKIN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprülerini açdylar

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar.

Şanly waka mynasybetli dabaralaryň geçýän ýerinde türkmen we özbek artistleriniň çykyşlary, iki halkyň amaly-haşam sungatynyň sergileri, gadymy däp-dessurlaryň äheňindäki teatrlaşdyrylan çykyşlar bilen gurşalyp alnan uly baýramçylyk guraldy.

Uzynlygy 1750 metr bolan täze demir ýol köprüsi täze tehnologiýalaryň ulanylamgy bilen bina edildi. Has köp ýük göteriji otlulara niýetlenilip, ýokary derejeli seýsmiki durnukly we ulanylyşda örän berk bolan gurnamalar peýdalanyldy. Köprüniň aşagyndan gämileriň geçip bilmegi üçin döredilen giňişligiň beýikligi 10 metre, ini bolsa 60 metre deňdir.

Köpri demir-beton diregleriniň 18-siniň üstünde saklanýar. Diametri 1,5 metr bolan demir-beton daýançlar derýanyň 40 metrden gowrak çuňlugyndan ýere berkidilen direglere düşjek agramlary gyradeň paýlaýar. Derýanyň hanasynyň çäklerinde suw syrgynlarynyň sürtemeginden goramak üçin daýançlar aýnapoliefir turbalary bilen örtüldi. Amyderýanyň iki kenarynda-da demir ýol köprüsiniň töwereklerinde kenar berkidiji işleriň toplumy ýerine ýetirildi.

Häzirki wagta çenli Amyderýanyň üstünden demir ýol hereketi 1901-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän köne köpri boýunça amala aşyrylýardy. Onuň soňky gezek durky täzelenilende, gurluşynyň birnäçe serişdeleriniň örän könelendigini ýüze çykardy. Şunuň bilen baglylykda, horamtly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň 8-nji fewralyndaky Karary bilen täze demir ýol köprüsini gurmak barada çözgüt kabul edildi.Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi gurluşygyň buýrujysy, “ALTKOM” ýol gurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti potratçy bolup çykyş etdi.

Inženerçilik gurluşy döredilende, bu ýerleriniň howa, toprak, inžener-geologiýa, gidrologiýa we tektoniki şertleri, howa ýagdaýy göz öňünde tutuldy. Täze köpri Lebap welaýaty, Türkmenistan üçin we umuman onuň goňşy ýurtlary üçin hem geosyýasy, ykdysady we durmuş taýdan uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsini açdylar.

Açylyş dabarasy derýanyň sag kenarynda geçirilip, bu ýere döwlet Baştutanlary şu gün ulanylmaga tabşyrylan häzirki zaman demir ýol köprüsi bilen geldiler.Demir ýol we awtomobil ýolunyň aralygynda kenarda awtoýol çekildi. Şol ýoldan Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni geçdi.

Döwlet Baştutanlary we köpçülikleýin dabara gatnaşyjy beýleki adamlar häzirki zaman estakadasy boýunça Amyderýanyň üsti bilen ulaglarynda geçdiler. Lebabyň köpsanly sazandalary – dutarçylar, skripkaçylar, akkordeonçylar, nagaraçylar, kanonçylar, tüýdükçiler, deprekçiler, gopuzçylar, käseçiler we beýlekiler, şeýle hem tans we folklor toparlary, şol sanda Özbegistanyň şonuň ýaly toparlary köprüniň tutuş dowamynda myhmanlary mübäreklediler. Jemi müňden gowrak adamlar hakyky ajaýyp şüweleňi döretdiler.

Köprüniň gurluşygynda ylmy-gözleg, geofiziki, geologiki, inženerçilik-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi. Dykyzlaýjy tehnologiýa boýunça ýokary hilli betondan we armaturadan bolan kuwwatly diregleriň 17-si dikildi. Diregleriň üstüne köprüniň köptonna agramly polat gurnamalarynyň aşagynda kuwwatly binýat goýuldy. Diregleriň hatardan çykmagynyň öňüni almak üçin olara aýnapoliefir turbalary geýdirildi.

Köprüniň dört hatarly ýol böleginiň ini 21,5 metre barabardyr. Awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köprä eltýän ugurlarda uzynlygy 6 kilometr bolan eňňit sowma ýollar guruldy. Köprüniň iki tarapynda ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalary bar. Köprüniň ýol örtügi iň döwrebap polimer serişdesi matakril bolup, ol ýokary derejede berk, uzak möhlete niýetlenen, ultramelewşä garşy durnuklydyr we şonuň bilen birlikde-de, örän ýuka hem-de asfaltbeton bilen deňeşdirilende agramy örän ýeňildir.

Awtomobil köprüsiniň çep kenar tarapyna diňe Türkmenabatdan däl, eýsem bu ýere ýakynlykda ýerleşen Serdarabat etrabynda çekilen täze awtomobil ýolundan hem barmak bolýar. Şu ýol bilen dolandyryş merkezine girmän hem-de şäher köçelerine agram salman üstaşyr geçýän agyr ýükli ulaglar Türkmenabat-Farap täze awtomobil köprüsine tarap bararlar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew derýanyň beýleki kenaryna gelip, köprüniň üstünde açylan hereketleri synladylar. Olaryň birinden Özbegistandan demir ýol otlusy gelýärdi, beýlekisinden bolsa üsti türkmen karbamidi, dokma we beýleki önümler ýüklenen agyr ýükli ulaglaryň yzy üznüksiz hatary Özbegistana barýardy.