Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bütewiligini aňladýan şanly senelerdir.

Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri boldy.

Säher bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän belent başly Konstitusiýa Binasynyň ýany köp adamly boldy. Bu ýerden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ösüşini, ýurdumyzyň, türkmen halkynyň we milli Liderimiziň beýik halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendiren beýik sepgitleri özünde jemleýän Aşgabadyň ajaýyp keşbi görünýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň täze taryhynyň esasy gazananlarynyň biri bolmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň binýatlyk ugurlaryny, şeýle hem her bir raýat üçin wajyp bolan parahatçylyk, döredijilik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär.

Säher şemalyna pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, baharyň ajaýyp gül çemenleri we adamlaryň şatlygy belent baýramçylyga bolan buýsanç bilen goşulyp, ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş halkynyň ýüreklerinde watançylyk duýgusyny we ruhubelentligi emele getirýär.

Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky Watanymyzyň goragçylary we talyp ýaşlar hatara düzüldiler. Watanymyzyň ygtybarly daýanjy hasaplanýan ýaş nesilleriň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ulagy baýramçylyk äheňinde bezelen Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada saklandy. Hemmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy we ýurdumyzy ösüşleriň belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz iki tarapyna Hormat garawulynyň esgerleri düzülen haly ýoda bilen bina tarap barýar.

Dabaraly baýramçylyk sazy ýaňlanýar. Çärä gatnaşyjylar mähriban Watanymyzy we Arkadag Prezidentimizi mübärekleýän sözleri gaýtalaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýa binasynyň ýanynda ýörite taýýarlanan ýere geçýär. Ýurdumyzyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanýar.

Milli Liderimiz Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýýar. Bu bina döwletiň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny, türkmen halkynyň agzybirligini, onuň Watanymyzyň halkara abraýyny we şöhratyny berkitmegiň hem-de artdyrmagyň bähbidine beýik işleri amala aşyrmaga bolan höwesini alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyzyň biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň üýtgewsiz kadasyny aňlatmak bilen bir hatarda döredijilikli ösdürilýän resminama bolup durýar. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerini, durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda umumymilli forum geçirildi. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini kabul etmek ýaly taryhy waka beslendi. Esasy Kanuny kämilleşdirmegiň baş maksady häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri berkitmek, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hemmetaraplaýyn özgertmeleri amala aşyrmak üçin ygtybarly hukuk esaslaryny döretmekden ybaratdyr.

Kanunyň ygtybarlylygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili, halk häkimliliginiň esaslarynyň bozulmazlygyny alamatlandyrýan Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi dünýä we milli demokratik tejribelere, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalara doly laýyk gelýär.

... Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, şeýle hem beýleki dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, Konstitusiýa binasyna gül goýdular.

Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asylly ýörelgelerinden ruhlanan mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaryň kabul edilmegi bilen düýpli özgeren ýurdumyzyň ilaty beýik ynam bilen nurana geljegini döredýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu bolsa Türkmenistanyň we milli Liderimiziň halkara abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak çäresi tamamlanansoň, dabara gatnaşyjylar dünýäde iň beýik baýdak sütünleriniň biri bolan uzynlygy 133 metr bolan Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanyndaky baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldiler.

Döwlet Baştutanymyzyň ulagy belent başly baýdagyň ýanynda saklandy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Dabaraly pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş baýdagy pasyrdaýan belent baýdak sütünine ajaýyp gül çemenini goýdy.

Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de dabara gatnaşýan beýleki adamlar döwlet Baştutanymyzyň asylly göreldesine eýerip, belent başly baýdagyň eteginde gül desselerini goýdular.

«Adam edebi bilen tanalýar — ýurt baýdagy bilen» diýlişi ýaly, ýurdumyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň köp ýurtlarynda buýsançly pasyrdamagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde bitaraplyk, parahatçylyk söýüji we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly döwlet hökmünde tanalýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä bileleşiginde mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýşi ýaly, bagtyýar geljek üçin nurana ýollar açylýar, biz şu ýoly mynasyp derejede geçmek üçin has-da yhlasly zähmet çekmelidiris. Döwlet Baştutanymyzyň özüniň yhlasy, öndürijilikli zähmeti bilen halkymyza ak ýürekden hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýär.

Arkadag Prezidentimiz bu günki dabara gatnaşýan Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, belli şahyr Gözel Şagulyýewanyň ýanyna baryp, onuň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň eýeleýän sepgitlerini, halkymyzyň gazanýan üstünliklerini belent derejede wasp edýändigini belläp, şahyr zenanyň döredijilikli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa mundan beýläk-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzda halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, döredijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertler döredildi. Türkmen halkymyzyň her bir güni asuda parlaýan ýaşyl baýdagyň astynda täze mazmuna, beýik ýeňişlere, gazanylýan üstünlikleriň şatlygyna, baýramçylygyna beslenýär. Bu bolsa halkymyzyň ruhuny göterýär. Dabara tamamlanansoň, döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralýan dabaralar, baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň belli artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň, estradaçylaryň belent ruha beslenen çykyşlary dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda Garaşsyz Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we bütewiligini, türkmen topragynyň gözelligini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar halkymyzyň ruhuny göterdi.