Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji dünýä rekordy goýuldy

Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir. 

Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň münberlerine eýýäm bäsleşigiň ilkinji gününden başlap köpsanly tomaşaçylar ýygnandy. 

Ýaryşlary “D” we “S” toparlarynda 55 kilograma çenli agram derejesindäki zenanlar başladylar. Bu agramda öňdäki orny jemi 202 kilogram agramy galdyran nigeriýaly Çika Joý Amanaha eýeledi. Gazanan netijesi bilen ol iki toparda hem hemmeden öňe geçdi. 



Ýeňiji 3-nji noýabrda, bu agram derejesinde dünýäniň iň güýçli zenan türgenleriniň ýygnanan “A” toparynyň ýaryşa girişjek güni belli bolar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň esasy bil baglanýan türgenleriniň biri — 2017-nji ýylda Anahaýmda geçirilen dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi Kristina Şermetowa hem baýrakly orunlary eýelemek ugrunda göreşer. Jakartada geçen Tomusky Aziýa oýunlarynda ol kümüş medal eýeläp, ussatlygynyň ýokary derejeliligini görkezdi. Munuň özi onuň häzir hem oňat netijeleri gazanmagyna bil baglamaga mümkinçilik berýär. 


Dünýä rekordynyň goýulmagy ýaryşlaryň ilkinji gününiň bezegi boldy. Iň güýçlüleriň göreşe giç girişýändigine garamazdan, Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda eýýäm ilkinji dünýä rekordy goýuldy. “B” toparynda 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän 16 ýaşly italiýaly Serjio Massidda jemi 236 kilogram agramlygy galdyrmak başartdy. Munuň özi ýaşlar üçin rekord görkezijisiniň 1 kilogram artandygyny görkezdi. Bu agram derejesinde medal aljaklaryň ady ertir belli bolar. 

“C” toparda 61 kilograma çenli agram derejede erkekleriň arasynda ýaryşlar tamamlandy. Ýaponiýaly türgen Hiroaki Takao jemi 277 kilogram agramy göterip, iň gowy netije görkezdi. 



2-nji noýabrda 45 kilograma çenli iň ýeňil agram derejesinde çykyş edýän zenanlaryň arasynda çempionlar kesgitleniler. Bu agram derejesi türkmenistanlylarda aýratyn gyzyklanma döredýär, çünki bu toparda iri halkara bäsleşiklerinde köp gezek ýeňiji bolan Ýulduz Jumabaýewa ýurdumyzyň abraýyny gorar. 

Şeýle hem şol gün 61, 67 we 73 kilogram agram derejelerinde erkekleriň arasynda ýaryşlar badalga alar, zenanlaryň arasynda bolsa “C” we “B” toparlarynda 49 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçiriler.