Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. 

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň halkara sport hereketine, sebit we ählumumy derejede sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ýene bir uly goşandy boljak şanly waka — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen gutlady. Şunda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistany ygtybarly hem-de örän jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýandygy, ýurdumyz bilen soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem pugtalandyrmagy ugur edinýändigi bellenildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow AOG bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, türkmen tarapynyň däp bolan bu gatnaşyklary geljekde hem berkitmäge, sport ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. 

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de ony mundan beýläk-de dowam etdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Agyr atletika boýunça Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçýän dünýä birinjiligi gürrüňdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu abraýly ýaryşlary geçirmek hem-de ýokary derejede guramak boýunça ähli çäreleri gördi. 

Dünýä çempionatyna Afrikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň we Okeaniýanyň ýüze golaý döwletiniň wekilleri gatnaşýarlar. Çempionatyň açylyşyna gabatlanyp, Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) kongresi geçirildi, şonuň dowamynda sportuň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda ägirt uly üstünliklere beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem şu ýyl ýokary derejede guralan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň oňyn tejribesi bellenildi. 

AOG-nyň ýolbaşçysy şu çempionatyň hem dünýä sport senenamasynda unudylmajak nobatdaky waka öwrüljekdigine ynam bildirip, milli Liderimize Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk meselelerine örän uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Baştutanynyň ähli başlangyçlarynyň Olimpiýa hereketiniň ruhuna kybap gelýändigini belledi. 

Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň gazanan haýran galdyryjy üstünlikleri, şol sanda sport ulgamynda ýeten sepgitleri, sportuň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir. Bu ulgamda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli syýasat öz miwesini berýär — türkmen sporty dünýä derejesine çykýar. 

Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň ýene bir aýdyň subutnamasydygyny nygtap, Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň sport guramalarynyň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk hem-de alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikler, türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan hem-de halkara Olimpiýa hereketiniň maksatlaryna kybap gelýän Türkmenistan bilen AOG-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.