Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara

Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar! 
Agyr atletikanyň hormatly türgenleri!
 

Sizi dünýäniň sport taryhyndaky möhüm waka — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn! 

Bedenterbiýe we sport adamyň beden we akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýäris. Ynsan durmuşynda sagdynlygyň ähmiýetiniň örän uludygyny ykrar edýän umumadamzat hem-de milli ýörelgelerden ugur alyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürýäris. Sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, halkara derejeli ussat türgenleri hem-de hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýäris. 

Häzirki döwürde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda halkara derejeli iri sport toplumlary bina edildi, ýöriteleşdirilen bedenterbiýe we sport edaralarynyň hem-de guramalarynyň ulgamy döredildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge niýetlenen, türgenlerimizi dünýä, Aziýa çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin berk binýada öwrülen Olimpiýa şäherinde, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen binalar guruldy. 

Geçirilen bu özgertmeleriň netijesinde häzirki döwürde türkmen sporty dünýäde meşhurlyk gazandy. Biziň türgenlerimiziň onlarçasy dünýä we Aziýa oýunlarynda çempion bolmagy hem-de baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Bu üstünlikler Bitarap döwletimiziň ýöredýän «Açyk gapylar» syýasatynyň, alnyp barylýan ýadawsyz işleriň, döwletimiz tarapyndan milli sporty ösdürmäge ägirt uly üns berilýändiginiň nyşanydyr. 

Her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda, erki, ukyby, zehini taplamakda hereketiň — sportuň peýdasy çäksiz. Sport ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Garaşsyz ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça hem ussatlyk mekdebiniň baý tejribesi toplandy. Sportuň bu görnüşi boýunça adyny şöhrata beslän Altymyrat Orazdurdyýew dünýäniň üç gezek çempiony boldy. Häzirki döwürde ýurdumyzyň tälimçileri hem-de türgenleri bu asylly däbi mynasyp dowam edýärler. Munuň özi Türkmenistanda köpugurly sportuň ösdürilýändigine, her bir adamyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işleriň netijeli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Türgenler — parahatçylygyň ilçileridir. Siz Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda öz ussatlygyňyz hem-de erkiňiz bilen adalatly bäsleşikde olimpiýanyň belent maksatlaryny ösdürmelisiňiz! Elbetde, bu dünýä çempionaty türgenler üçin hem, dünýäniň onlarça döwletlerinden ýaryşlara tomaşa etjek adamlar üçin hem uly baýramdyr. 

Eziz myhmanlar! 

Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketini ösdürmek, sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürýär. Parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berjek bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. 

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, şeýle hem «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli geçirildi. Bu gün bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany giň möçberli halkara derejedäki sport ýaryşlaryny guramaga ukyply ýurt hökmünde dünýä tanadýar! 

Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar! 
Agyr atletikanyň hormatly türgenleri!
 

Sizi Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, sportda uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin! 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW