Häzirkizaman tanslarynyň üsti bilen Durnukly ösüşiň maksatlary hakda

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebit-az toplumynyň paýtagtymyzdaky Medeni-işewürlik merkezinde Daşary işler ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasynyň goldamagynda ýurdumyzyň Sazçylyk jemgyýetiniň guran “Durnukly ösüşiň maksatlary: 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibiniň kabul edilmeginiň 1000 güni mynasybetli” atly tans festiwaly geçirildi. 

Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, DÖM boýunça Okuw-usulýet merkeziniň işgärleri, şeýle hem tans sungatynyň muşdaklary çäräniň myhmanlary boldular. 

«BLACK FIRE», «Banshee Crew», «ART MOTION», «Pray for fox», «DANCE FLOW», «Эксклюзив», «Stem Style», «SKY LIBERTY», «JEYRAN-GOLD», «КРИСТАЛЛ», «FLASH» we beýleki toparlar tematiki tanslary görkezdiler. 

Çykyşlaryň hersi Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sinden birine bagyşlandy. Sahnadan çeper tans dili bilen dünýäni has gowulandyrmaga çagyryş beýan edildi. Festiwala gatnaşanlaryň Türkmenistanda DÖM-ň durmuşa geçirilmegine we durnukly ösüşiň bähbitlerine ählumumy hyzmatdaşlyga bagyşlanan köpçülikleýin tansy çäräniň aýgytlaýjy pursady boldy. 

Çäräniň ahyrynda BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ýelena Panowa ýurdumyzyň Sazçylyk jemgyýetine minnetdarlyk hatyny, horeograflara hormat hatlaryny we tansçylara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.