Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini milli baýramçylyk bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli baýram –Türkiýe Respublikasynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hem-de türk halkyna ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz Gutlag hatynda bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Erdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.