Aşgabatda iri sport ýaryşynyň komitetleriniň mejlisleri geçirilýär

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi. 

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) wekilleri hem-de ýaryşyň guramaçylary ähli gulluklaryň we desgalaryň ýaryşy ýokary derejede geçirmäge taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaryşlar 2018-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli dowam eder. Komitetleriň mejlisleriniň wezipeleriniň biri dürli agram derejesindäki türgenleriň çykyşlarynyň yzygiderliligini kesgitlemekden ybaratdyr. Soňra mandat toparynyň ýygnagynda çempionaty geçirmegiň tertibi tassyklanyldy. 

31-nji oktýabrda “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň kongresi geçiriler, şonda Türkmenistanyň wekilleri hem çykyş ederler. 

26-njy oktýabrda geçirilen hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berlişi ýaly, dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň, Afrikanyň we Okeaniýanyň ýurtlaryndan ýüztutmalaryň 100-den gowragy gelip gowuşdy. 

Medallar ugrundaky bäsleşige türgenleriň 800-e golaýy gatnaşar. Ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzüminde tälimçileriň 300-si, eminleriň 45-si, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 70-si, saglygy goraýyş işgärleriniň topary, lukmanlar bolar. Aşgabatda geçirilýän 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda Halkara Agyr atletika Federasiýasyndan 100-den gowrak hünärmen işleýär. 

Şeýlelikde, çempionata daşary ýurtlularyň hem-de guramaçylyk, tehniki we beýleki işgärleriň bir ýarym müňüsi gatnaşar. 

Dünýä ýaryşynyň üpjünçiligine gatnaşýan türkmen hünärmenlerinden başga-da, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy. Meýletin kömekçiler myhmanlaryň ýanynda ýolbeletler hem-de terjimeçiler bolup, ýaryşlara we çempionatyň çäklerinde geçiriljek beýleki çärelere hyzmat ederler. 

2018-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmekde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilende, şol sanda lukmançylyk taýdan hyzmat etmekde Türkmenistanyň toplan tejribesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. 

Bu babatda “Tiz kömek” toparlarynyň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guraldy, referens-barlaghanalar we lukmançylyk merkezleri işe doly taýýar edildi. Çempionata sport lukmanlarynyň 32-si, saglygy goraýyş işgärleriniň 400-den gowragy gatnaşyp, lukmançylyk hyzmatyny ederler. Döwrebap enjamlary bolan degişli lukmançylyk edaralary zerur serişdeler bilen hem ýeterlik möçberde üpjün edildi. 

Ýaryşlara gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň ulag üpjünçiligi hem oýlanyşykly çözüldi, olar üçin dürli sygymlykdaky amatly awtobuslaryň 30-dan gowragy, “Eleiko” şweýsar kompaniýasynyň sport enjamlarynyň 67 toplumy dünýä çempionatynyň desgalaryna öz wagtynda eltildi. 

Çempionatyň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelejek türgenleri üçin medallar “ELM” singapur kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy. 

Ýaryşlarda türgenler jemi 201 medal ugrunda bäsleşip, medallaryň 67-si altyn, 67-si kümüş we 67-si bürünçdir. 

Guramaçylyk işlerine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Hususy türkmen kompaniýalary türgenleri hem-de ýaryşa gatnaşyjylary ýokary hilli we dürli iýmitler bilen üpjün ederler. 

Paýtagtymyzyň myhmanlary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Olimpiýa şäherçesiniň golaýyndaky iri söwda merkezleriniň dördüsi gije-gündiz işlär. 

27-nji oktýabrdan başlap, Aşgabada wekiliýetler yzygiderli gelip ugradylar. Garaşylyşy ýaly, meýilnama boýunça 31-nji oktýabrda uly sport baýramçylygyna gatnaşyjylar we myhmanlar doly düzümde ýerlerinde bolarlar. 

Ýokary wezipeli myhmanlar, eminler we žurnalistler üçin “Sport” myhmanhanasynda amatly otaglar göz öňünde tutuldy, ýaryşlara gatnaşyjylar bolsa, Olimpiýa şäherçesinde türgenler üçin myhmanhanada ýerleşdiriler. 

Halkara ýaryşyň açylyş dabarasyna hem-de bu uly wakanyň hormatyna guraljak sahnalaşdyrylan çykyşlara jemleýji taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde agzalan hökümetiň mejlisinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylary, myhmanlary we tomaşaçylary üçin iň gowy şertleri döretmegiň zerurdygy hakynda beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilendigini ynamly aýtmak bolar. 

Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesi iri sport çäresini — 2018-nji ýylyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge doly taýýar.