Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hony kabul etdi. 

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Günorta Koreýanyň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda netijeli halkara gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Şunda işewür öz wekilçilik edýän kompaniýasynyň iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna geljekde hem işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen “LG International Corporation” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyga işjeň çemeleşmesini kanagatlanma bilen belläp, döwletimiziň häzirki zaman ykdysady ösüş döwründe iň gowy dünýä tejribesini hem-de daşary ýurtlaryň belli korporasiýalarynyň, şol sanda Koreýanyň kompaniýalarynyň innowasiýa işläp taýýarlamalaryny çekmegi ugur edinýändigini belledi. Milli Liderimiz uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda, hususan-da, nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda işleýän bu iri kompaniýanyň işine ýokary baha berip, onuň ylma esaslanýan ýokary tehnologiýalaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de önümçilikde eýýäm ulanylýandygyny aýtdy. 



Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we myhman ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler maksatnamasyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ozaly bilen bolsa, gazhimiýa pudagyny ösdürmek meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistan bu ugurda ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýedir. 

Işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “LG International Corporation” kompaniýasyna bilelikdäki iri taslamanyň — Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu desganyň öňde boljak açylyşynyň ähmiýetini belläp, Song Çi Ho türkmen Lideriniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýan taslamanyň diňe bir Orta Aziýa üçin däl-de, dünýäde hem nusgalyk ägirt uly taslamalaryň biridigini belledi. Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan sebitinde ýerleşýän bu iň häzirki zaman toplum ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetirdi hem-de Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösdürilmegine goşýan goşandyny alamatlandyrýar. 

Milli Liderimiz häzirki wagtda pudagy döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça işleriň giň gerime eýe bolýandygyny, türkmen ykdysadyýetiniň örän möhüm pudagynyň kuwwatynyň yzygiderli artdyrylýandygyny aýtdy. Öz harytlary bilen diňe bir içerki zerurlyklary däl-de, daşarky bazaryň isleglerini üpjün edýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň eksporta iberilýän möçberi ýyl-ýyldan artýar. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Işewür Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belläp, “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýurdumyza öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, tejribesini we tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklap, öz borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly boljakdyklaryna ynandyrdy. Duşuşygyň çäklerinde myhman döwlet Baştutanymyzy birnäçe täze teklipler bilen tanyşdyrdy, şolaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolar. 

Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Song Çi Ho anyk netijelere gönükdirilen işewürlik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.