Türkmenistanyň täze ýokary okuw mekdebi: Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Mälim bolşy ýaly, nano-, bio- we maglumatlar tehnologiýalary, elektronika, robototehnika, genetika, molekulýar biologiýa, innowasiýalaryň ykdysadyýeti ýaly ylmy ugurlary ösdürmäge mümkinçilik berýän bu ýokary okuw mekdebini döretmegiň taslamasy Ýaponiýanyň belli uniwersitetleriniň tejribesi esasynda işlenilip taýýarlanylandyr. Bu başlangyç ylmy ulgamy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe döwlet maksatnamalaryny, ilkinji nobatda, 2015-2020-nji ýyllarda innowasiýa işleriniň ösdürmegiň Maksatnamasyny, şeýle hem Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagy amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy.

Giriş möwsüminiň ilkinji günlerinden başlap, höwes bildirýän dalaşgärleriň yzy üzülmeýän akymy bu ýere geldi. Düýbünden täze düýpli ylym berýän ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmak – döwür bilen deň gadam urýan Türkmenistanyň her bir ýaş nesliniň arzuwy bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamynyň ösdürilmegi jemgyýetiň zerurlyklarynyň üýtgemegini we ylmy-tehniki ösüşleriň gazananlaryny öňünden kesgitleýär. Şeýle hem bilim ýokary tehnologiýalaryň işlenilip taýýarlanmagyna we ornaşdyrylmagyna laýyklykda ýokary hilli ösüşe duçar bolýar.

Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösüş derejesini ýurduň abadançylygy kesgitleýär. Ylmy-tehniki ösüşiň düýpli çaltlandyrlmagy şertlerinde dünýä derejeli uniwersitetleriniň toruny döredýär. Olar diňe bir bilim edaralary bolup durman, eýsem iň gowy ideýalary, döretmäge we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga, bilimleri ýaýratmaga, toplanan tejribeleri paýlaşmaga mümkinçiligi bolan ylmy-gözleg we işjeň synag merkezleri hem bolup durýar.

Biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebi bäsleşige ukyply bilim ulgamy nukdaýnazaryndan özüne çekijiligi emele getirmek bilen, bu ugurda ynamly ädimleri ädýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda okatmagyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagy nazarlaýan ýurduň uniwersitetleriniň tory ep esli giňedi. Muňa dünýäniň belli ylym-bilim merkezleri bilen, şol sanda özara gyzyklanma bildirilýän ýörite şertnamalaryň esasynda hem, işjeň halkara hyzmatdaşlyklary şert döredýär.

Ösüşiň örän uly mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistanda adam baradaky alada döwlet syýasaty derejesine ýetirildi. Şunlukda esasy meseleleriň biri hem ýokary intellektually ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmak bolup durýar.

Ýurtda iň innowasion, şol sanda multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen iň häzirki zaman okuw toplumlarynyň we edaralarynyň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. 2016-2017-nji okuw ýylynda bakalawariatyň innowasion ugurlarynyň birnäçesi boýunça ilkinji gezek talyplary kabul etmegi yglan eden Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmegi bu strategiýany mynasyp amala aşyrmak bolup durýar. Ol himiki we biotehnologiýalar; metallurgiýa; maşyngurluşyk we metallary gaýtadan işlemek; nanotehnologiýalar we nanomateriallar; tebigy ylymlar; maglumat we hasaplaýjy tehnika; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamy ýaly ugurlardan ybaratdyr.

Uniwersitetde okuwlar bakalawrlary taýýarlamak maksatnamasy boýunça dil taýýarlygy bölüminde iňlis we ýapon dillerinde bir ýyl okanlaryndan soňra tölegli esasda alnyp barlar.

Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek barada aýtmak bilen, Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň müdiriýetinde hyzmatdaşlyk barada, şol sanda biziň ýurdumyzda meşhur bolan – Sukuba Uniwersiteti bilen hem, şertnamalaryň taýýarlanylýandygy nygtadylar.

Ýaponiýanyň bu we beýleki abraýly ýokary okuw mekdepleri iň zehinli ýokary ýyl talyplaryny ibermegi meýilleşdirýärler. Ýokary ýyl talyplar ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebiniň ýörite sertifikatlaryna we Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň diplomlaryna mynasyp bolarlar.

Bular geljekde amala aşyrylar. Bu günki gün bu ýokary okuw mekdebi zehinli birinji ýyl talyplary garşy alýar. Resminamalary kabul etmek 30-njy iýula çenli dowam eder, 2-nji awgustdan bolsa saýlanyp alynan hünärler boýunça giriş synaglary başlanar. Birinji ýylyň talyby diýen dereje ugrunda umumy bilim berýän orta we hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, saýlap alan hünäri boýunça iş tejribesi bolan ýaşlar, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk eden ýaşlar bäsleşerler.

Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitet iň häzirki zaman ýokary okuw mekdep şäherçesinde ýerleşer we 2016-2017-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda öz gapylaryny giňden açar. Täze ýokary okuw mekdebiniň düzüminde himiki we nanotehnologiýa; biotehnologiýa we ekologiýa; kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary; awtomatika we elektronika; innowasiýalaryň ykdysadyýeti ýaly bäş fakultet, şeýle hem Ylmy-gözleg merkezi, Dilleri öwreniş merkezi we bu ýokary okuw mekdebiniň okuw, ylmy, metodiki edebiýat, kömekçi goldanmalar we monografiýalar ýaly uly gaznaly kitaphanasy bolar.

Bu iň häzirki zaman ýokary okuw mekdebiniň toplumynda köp ugurly sport-sagaldyş toplumy hem ýerleşer.