Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Şu gün — Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeginde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Biz bu gün pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan ildeşlerimizi, Watan ugrunda şehit bolan edermen goragçylary, şeýle hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys. Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna öz janyny pida etdiler. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle ýowuz wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr. Ir bilen ildeşlerimiz bu toplumyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýup, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyraladylar.
...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bellenen ýere barýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Gurban bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.