Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçdi

Dynç gü­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz en­di­gi­ne eýe­rip, wag­ty­ny sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga ba­gyş­la­dy hem-de tä­ze ýa­ryş aw­tou­la­gyn­da tür­gen­le­şik ge­çip, onuň te­bi­gy çöl­lük şert­ler­de teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Sy­nag ma­ha­lyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň çyl­şy­rym­ly şert­le­rin­de uzak ara­ly­gy geç­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ral­ýan “Amul — Ha­zar 2018” ýa­ryş­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na az wagt gal­dy, ol ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne güýç­li ýar­dam be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu iri hal­ka­ra ýa­ry­şy­ Ga­ra­gum säh­ra­syn­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­dan us­sat aw­to­sü­rü­ji­ler, şol san­da meş­hur ral­li ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Şu günler türk­men aw­to­sü­rü­ji­le­ri hem bäs­le­şik­le­re iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär­ler, olar meş­hur da­şa­ry ýurt tür­gen­leri bi­len ýa­ryş­la­ra gat­na­şarlar.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ma­gy­nyň bar­şyn­da “Amul — Ha­zar 2018” ug­ry bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe we yl­gaw ýa­ryş­la­ry­na ba­dal­ga ber­di. Mu­nuň özi bäs­le­şik­le­re taý­ýar­ly­gyň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy, taý­ýar­lyk çä­re­le­ri gün-gün­den güýç­le­nip, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni öz ge­ri­mi­ne al­dy. Wa­ta­ny­myz eý­ýäm hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de gym­mat­ly tej­ri­bä eýe­dir hem-de öň­de bol­jak ral­li Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti hök­mün­de ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gyn­da ýe­ne bir mö­hüm ädim bo­lar.

Şu ýy­lyň maý aýyn­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men to­par­la­ry­nyň ara­syn­da “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­niň saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­na­şyp, tür­gen­le­ri­mi­ze ak pa­ta ber­di. Şol ýa­ryş­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz dü­zül­di, ol ýe­ňi­ji bol­mak ug­run­da bäs­le­şer.

Da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­lar hem-de ýa­ry­şy be­ýan ed­ýän žur­na­list­ler, to­ma­şa­çy­lar — şu­nuň ýa­ly gy­zyk­ly to­ma­şa­la­ry söý­ýän­ler Türk­me­nis­ta­nyň baý te­bi­ga­ty, onuň aja­ýyp kün­jek­le­ri, me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy bi­len tan­şyp bi­ler­ler. Gür­rüň­siz su­rat­da “Amul — Ha­zar 2018” köp ­san­ly myh­man­la­ry­my­zyň uzak wagt­lap ýa­dyn­da ga­lar we pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň il­çi­si hök­mün­de spor­tuň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýur­du­my­zyň ýe­ne bir uly go­şan­dy bo­lar.

...Dynç gü­ni sä­he­riň ir ça­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze sport aw­to­mo­bi­lin­de Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de il­ki bi­len de­giş­li taý­ýar­lyk ge­çip, ýe­ne-de bir sy­nag tap­gy­ry­ny ama­la aşyr­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, çöl­lük ýer­de sür­mek sü­rü­ji­den de­giş­li tiz­li­gi sak­la­ma­gy, daş-tö­we­re­ge we ýo­la bar ün­sü­ňi jem­le­me­gi ta­lap ed­ýär. Bu bol­sa şeý­le çyl­şy­rym­ly şert­ler­de sü­r­şüň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň baş şer­ti ha­sap­la­nyl­ýar.

Ýur­du­myz­da öň­de bol­jak ýa­ryş­lar, mil­li Li­de­ri­mi­ziň pi­ki­ri bo­ýun­ça, eko-ral­li ýa­ryş­la­ry de­re­je­si­ne eýe­dir. Bu bäs­le­şik­le­riň “ýa­şyl” de­re­je­si teh­ni­ka we onuň ýan­gy­jy­na aý­ra­tyn ta­lap­la­ry bil­di­rer, olar hem hä­zir­ki­ za­man eko­lo­gi­ýa ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir. Te­bi­ga­ty go­ra­mak, aw­to­mo­bil­le­riň daş­ky gur­şa­wa ýa­ra­maz tä­si­ri­ni azalt­mak me­se­le­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar hem-de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, şol san­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we ola­ry ulan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ra bil­di­ril­ýän üýt­gew­siz ta­lap­lar­dyr.

Eko­lo­gi­ýa ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň hem mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, türk­men spor­tu­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak şol sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

“Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­myz köp ­san­ly çä­re­le­re, şol san­da sport çä­re­le­ri­ne beslenýär. Şun­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň köp­ta­rap­ly müm­kin­çi­lik­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­lik­le­r­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Şeý­le­lik­de, Amul — Ha­zar ara­ly­gy bo­ýun­ça hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň gu­ral­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­i hem-de döw­let­le­ri we halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge, äh­lu­mu­my ösü­şe gö­nük­di­ri­len ulag baş­lan­gyç­la­ry­nyň we tas­la­ma­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.

...Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň do­lan­dyr­ýan ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­li­gi bo­lan aw­tou­la­gy tiz­li­gi pe­selt­mez­den, be­lent­lik­le­ri hem-de iniş­leri, köp ­san­ly alaň­la­ry we çö­ket­lik­le­ri yz­da gal­dy­ryp, te­bi­gy päs­gel­çi­lik­le­ri geç­di.

Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň öz­bo­luş­ly, ga­zap­ly, kä­te bol­sa öň­den gö­rüp bol­ma­ýan hä­si­ýet­le­re eýe bo­lan te­bi­ga­ty bar. Çöl­lük ýer­ler­dä­ki her hi­li ýü­ze çyk­ýan kyn­çy­lyk­la­ra ula­gyň sü­rü­ji­si ýo­luň ug­run­da geç­me­si kyn bo­lan ýer­ler­de päs­gel­çi­lik­le­ri ýe­ňip geç­mä­ge taý­ýar bol­ma­ly­dyr. “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň baş­dan ge­çi­ri­ji­lik­li ru­hu­ny şert­len­dir­ýän ýo­luň çyl­şy­rym­ly­ly­gy da­şa­ry ýurt­ly aw­to­mo­bil sü­rü­ji­le­ri­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ula­gy­ny ok­gun­ly sür­me­giň usul­la­ry­ny ula­nyp, onuň äh­li kuw­wa­ty­ny we öw­rüm ukyp­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çi­rip, ula­gyň hem­me emel müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz ulag spor­ty ba­bat­da tä­ze ösü­şe, köp ­san­ly yzy­na eýe­ri­ji­le­re hem-de döw­re­bap mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­da eýe bol­dy. Mu­nuň özi sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­to­mo­bil spor­ty bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň spor­tuň bu ug­ru­ny ös­dür­mek ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp adam­la­ryň bu işe ýü­rek­den ber­lip, sport he­re­ke­ti bi­len gy­zyk­lan­mak­la­ry­na şert­le­riň dö­re­dil­me­gi üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz taý­ýar­lyk tap­gy­ry­ny ta­mam­lap, sport ula­gy­ny bel­le­nen ýer­de sak­la­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çöl ösüm­lik­le­ri­niň säh­ra dur­mu­şy üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aý­dyp, ekoul­ga­myň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de Ga­ra­gu­muň ösüm­lik dün­ýä­si­ne aýaw­ly ga­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aw­to­mo­bil­den dü­şüp, her bir pa­syl­da öz­bo­luş­ly aja­ýyp­ly­ga eýe bo­lan daş­ky gör­nü­şi syn­lap, lez­zet al­dy. Güý­züň öň ýa­nyn­da Ga­ra­gu­muň aja­ýyp kün­je­gi aý­ra­tyn tol­gun­dy­ry­jy tä­sin­li­gi özün­de jem­le­ýär.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de ös­ýän ösüm­lik­le­ri, ola­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my taý­dan öw­ren­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ola­ryň gör­nüş­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gyň çö­lüň eko­lo­gi­ýa­sy­ny go­ra­ma­gy şert­len­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da köp­ san­ly der­man­lyk ösüm­lik­le­riň gör­nüş­le­ri bar. Ol ösüm­lik­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly düýp­li yl­my işin­de be­ýan edil­di.

Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Me­de­ni-ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ra baý bo­lan ýur­du­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­mek bi­len, mu­nuň üçin äh­li ze­rur şert­le­re we müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir.

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň il­çi­si hök­mün­de halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ul­ga­myn­da mö­hüm baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.