Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar

photo

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jon Riz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy görýändigine örän şatdygyny nygtap, özüniň Türkmenistana bolan saparyny hemişe uly buýsanç bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Aşgabadyň binagärlik sazlaşygynyň özünde oňyn täsirler galdyrandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanylýar. Şunda Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan “Nicklaus Companies” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Şeýle hem Jon Riz türkmen halkynyň Milli Liderini “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Arkadag şäherinde gurulmagy möhüm hasaplanylýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän golf meýdançalarynyň taslamalary bilen tanyşlykdan soňra, “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Amerikada görýändigine şatdygyny aýdyp, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegiň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigi bellenildi. Munuň özi özara bähbitli esasda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “CASE” “Nicklaus Companies” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler.

“Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de “Türkmenistan – ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Panther” milli golf klubyna tarap ugrady.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy hem-de golf klubynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyza meýdançalaryň gurluş aýratynlyklary, onuň özboluşly şertleri barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Sandhill Crane Golf Club” okuw-türgenleşik merkezi bilen tanyşdy. Bu okuw türgenleşik-merkezi 1992-nji ýylda açylyp, häzirki wagtda ol köp gelim-gidimli ýerleriň biri bolup durýar.

Bu ýerde dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän dokma senagatyna degişli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda arassa nah ýüplüklerden taýýarlanan sport lybaslarynyň dürli görnüşleri görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde “Türkmenistanda öndürildi” nyşan bilen ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilen harytlara möhüm ornuň berilendigini bellemek ýakymly.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň golf klubynyň wekillerine üstünlikleri arzuw etdi we olara netijeli duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bolan saparynyň çäklerinde “La Victoria” atçylyk toplumyna bardy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atçylyk toplumynyň bedewleri, olaryň saklanyş we taýýarlanyş ugurlary bilen tanyşyp, bu ýerde atlaryň bäsleşiklere taýýarlanmagy üçin niýetlenen mümkinçilikler, seýisleriň iş tertibi bilen gyzyklandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a saparynyň çäklerinde bu ýurduň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny köp sanly amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli iş alyp barýandyklaryny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Işewürler işjeň ýagdaýda geçen duşuşyk üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyklaryny beýan edip, geljekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryny bellediler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça prezidenti Çaba Leýko bilen duşuşygy boldy.

Çaba Leýko türkmen halkynyň Milli Liderini bu ýerde görýändigine örän şatdygyny aýdyp, bu duşuşygyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlykda oba hojalygy ugry boýunça gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we “John Deere” kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Çaba Leýko Gahryman Arkadagymyza netijeli söhbetdeşlik hem-de kompaniýa bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “John Deere” kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz bilen duşuşyp, bu ýerde maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar we kesgitlenen wezipeler boýunça pikir alyşdy.

“Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparynyň ýokary derejede geçendigini hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.

Şeýle hem pikir alyşmalaryň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýokary derejede ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny ýene-de bir ýola belläp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýtdylar hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a bolan saparyny tamamlap, dostlukly ýurduň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 13-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi.

Iş maslahatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Germaniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B. Rejepow türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 2026-njy ýylyň 11-23-nji awgustynda Germaniýanyň Aahen şäherinde geçiriljek «FEI World Championship 2026» çempionatyna, Niderlandlar Patyşalygynda sentýabr aýynda geçiriljek Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik bäsleşigine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.