Türkmenistanda Irlandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Irlandiýanyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Irlandiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Kler Brosnan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we netijeli türkmen-irland gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.