TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Medeni gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.