Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisiniň Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi bilen Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň (CCPIT) Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň başynda hytaý tarapy türkmen tarapyna 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Hytaýyň Sinzýan-Uýgur Awtonom sebitiniň Taçen şäherindäki Merkezi Aziýa medeni Alyş-çalyş merkezinde geçiriljek 5-nji Baketu Forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Forum Taçen okrugynyň Halk Hökümeti bilen Hytaýyň köptaraplaýyn korporasiýalara goldaw bermek boýunça Halkara geňeşi (СIСРМС) tarapyndan bilelikde guralýar.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň sebitara integrasiýa başlangyçlaryna we durnukly ösüşe gatnaşmagynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Öz gezeginde Ilçi çakylyk üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi we duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.
Duşuşyk hoşniýetli we işjeň ýagdaýda geçdi. Taraplar özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we işjeň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda hytaý tarpyna Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenleriň ruhy dünýäsi” atly kitaby, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp hytaý diline terjime edilen saýlanan goşgular ýygyndysy gowşuryldy.