Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Arkadag şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça Ministrler derejesindäki birinji forumynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda dușuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna garadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ädimlerini kesgitlediler.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň bu sebit guramasynyň dünýädäki ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Merkezi Aziýa, Orta Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerini öz içine alýan formatyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem nygtaldy.

Energetika, ulag we aragatnaşyk, söwda-ykdysady integrasiýa, sanlylaşdyrmak we medeni gatnaşyklary ösdürmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Taraplar 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde kabul edilen Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Ulag-üstaşyr mümkinçilikleriň açylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Beýik Ýüpek Ýolunyň şanyna çäre guramak başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw dialoga ygrarlydygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösjekdigine ynam bildirdiler.