Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagyň çäginde birnäçe duşuşyklary geçirdi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklary öz içine almak bilen Türkmenistan bilen UNECE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň çäginde H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin T.Molçana ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
T.Molçan çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we ýakyn günlerde geçiriljek ýubileý çärelere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady hem-de halkara gatnaşyklarynyň we durnukly parahatçylygyň esasy ýörelgesi hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini belledi.
Şol gün Türkmen wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda durnukly ykdysady ösüş, söwda mümkinçiliklerini, sanly üýtgeşmeleri, maýa goýumlary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistan bilen UNCTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly meselelere garaldy.
Duşuşykda H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna gatnaşmak üçin Rebeka Grinspana ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
UNCTAD-yň ýolbaşçysy çakylyk haty üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bitaraplyk we durnukly halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerini ilerletmekde Türkmenistanyň aýratyn orna eýedigini belledi.