Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

photo

2025-nji ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Kataryň Emiri birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýda tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler.

Türkmenistan Katar bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha hem-de ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge şahsy goşandy üçin Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Katar Döwletiniň Emiri Gahryman Arkadagymyzyň däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandynyň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň abraýly halkara guramalarynda öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda boýunça hyzmatdaşlygyň türkmen-katar gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna öwrüljekdigini aýdyp, bu babatda bar bolan mümkinçiliklere, toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň halklaryny umumy taryh, medeniýet, däp-dessurlar, adatlar, ruhy-ahlak gymmatlyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Katar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara iki ygrarlydygyny tassyklady we iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl Türkmenistan üçin şanly ýyl bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edilip, şonuň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyly mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin goňşy ýurtlar we halkara düzümleri bilen dürli syýasy çäreleri geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini şol halkara foruma we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. Munuň özi bu çäreleriň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant bolar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani birek-birege berk jan saglyk, iki ýurduň doganlyk halklarynyň rowaçlygy we abadançylygy ugrunda alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.