Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi.

Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary mübärekläp, Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de bu çäräniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik dörejekdigini, şol gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, köp ýyllardan bäri «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Сase New Holland», «Nicklaus Companies», «Westport Trading Europe Limited» ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli hereket edýän «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly goşandyna aýratyn ünsi çekdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.